Soňky ýyllarda NATO-nyň iň ynjykbolup biljek we şol bir wagtda Mark Rutteniň baş sekretar hökmünde ilkinji hakyky synagy boljak sammitine taýýarlyk görülýär.
Bu sammit taryhda Gollandiýanyň iň uzak işlän premýer-ministri üçin onuň örän belet bolan ýerlerinde, dogduk şäheri Haagada, iýun aýynyň aýagynd ageçiriler.
Azatlyk Radiosy bilen habarlaşýan NATO resmileriniň sözlerine görä, bu sammitiň üstünlikli bolmagy üçin Rutte özünde bar bolan diplomatik başarnyklarynyň ählisini ulanmaly bolar.
Üstünlikli sammit diýmek bilen, olar ABŞ-nyň etjek-giýjagyny öňünden çaklap bolmaýan prezidenti Donald Trampy hoşwagt saklamagy nazarda tutýarlar.
Trampyň ilkinji möhletinde Brýusselde, 2018-nji ýylda bolan çekeleşikli sammit olar üçin garabasma ssenariýasy bolup durýar, şonda şol wagtky baş sekretar Jens Stoltenberg bilen Trampyň arasynda bolan dartgynly çekişmeleriň wideoýazgysy tutuş duşuşgyň äheňini kesgitledi.
Şol gün giçlik Tramp, eger-de ýewropaly ýaranlar goranyş üçin has kän çykdajy etmese, Amerikany harby guramadan tutuşlygyna çykarmak haýbatyny atdy.
‘Tramp yryjysy’
Aýdylmagyna görä, Rutteniň ABŞ prezidentini NATO-nyň saklanyp galynmagyna degýändigini ynandyrmagy onuň Ýewropanyň “Tramp yryjysy” hökmündäki at-abraýyny gazanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolup, bu başarnyk alty ýyl soň onuň ahyr netijede NATO-nyň iň uly wezipesini eýlemegine ýol açdy.
Şondan bäri dünýäde köp zatlaryň bolup geçendigine garamazdan, Tramp Gollandiýa ýene-de şol bir öňki talap bilen - goranmak üçin has köp harajat çykarmaly diýen talaby bilen geler.
Hiç him ol NATO-dan çykmak haýbatyny atar diýip pikir etmeýär, sebäbi ABŞ-nyň ähli resmisi, şol sanda döwlet sekretary Marko Rubio, goranmak sekretary Pit Hegset ýaly ýokary derejeli hökümet agzalary golaýda Brýussele gelip, Waşingtonyň NATO ýaranlygyna ygrarly bolup galýandygyny ýaňzytdylar.
Emma Tramp anyk netijeleri görmek isleýär.
Onsoň, NATO-nyň 32 ýaranynyň ählisiniň goranyş çykdajylaryny jemi içerki önümiň 5 göterimine çenli ýokarlandyrmak barada borçnama almagynyň mümkin bolan netije bolmagyna garaşylýar. Bu, häzirki 2 göterim nyşanadan düýpli ýokarlanmany aňldýar. Ol serişdeleriň 3,5 göterimi ýarag we artilleriýa ýaly “gaty nyşanalara” gönükdirilse, galan 1,5 göterimi kiber goragyna we harby mobillege goýlan maýa bolar.
NATO resmileri täze çykdajy maksadyna ýetmegiň möhleti baradaky çekişmeleri şindi hem dowam etdirýärler, edilýän tekliplerde bäş ýyldan 10 ýyla çenli wagt möhleti ara alnyp maslahatlaşylýar.
Gysgaldylan sammit
Ýaranlygyň agzalarynyň biri-biri bilen düşünişmezligine gaty köp esas döretmezlik üçin, sammit eýýäm üç günden iki güne çenli gysgaldyldy.
Saparyň programmasy entek doy tassyklanylmady, ýöne duşuşygyň birinji gününde resmi agşamlyk naharynda görşüp, ikinji gününde iki sany iş sessiýasyny geçirmegimiz mümkin, olaryň birinde goranyş çykdajylaryny, beýlekisinde goranyş senagaty bazasyny nädip ýokarlandyrmalydygyny maslahatlaşarys diýip, resmiler aýtdylar.
Ýewropaly ýaranlaryň birnäçesiniň Ýaponiýanyň we Günorta Koreýanyň goranyş önümlerini has köp satyn almak islemegi bilen, soňky sessiýa NATO-nyň dört “Hindi-Ýuwaş ummany hyzmatdaşy” - Awstraliýa, Ýaponiýa, Täze Zelandiýa we Günorta Koreýa hem gatnaşjaga meňzeýär.
Sammitiň jemleýji jarnamasy hem düýpli gysgaldylýar.
NATO resmileri maksadyň jemleýji jarnamany bary-ýogy üç ýa-da dört abzasda saklamakdan aybaratdygyny, onuň golaýda geçirlen sammitleräkiden düýpli tapawutlanjakdygyny aýtdylar. 2024-nji ýyldaky Waşington jarnamasy 40 abzasa çenli uzan bolsa, ondan bir ýyl öňki Wilnius jarnamasy 90 abzasa çenli uzap, köp sanly meseläni öz içine alypdy.
Ukraina üçin NATO agzalygy?
Bu ýylky tekstde Haaga duşuşygyny soňky ýyllarda geçirilen sammitlerden düýpgöter tapawutlandyrýan ýene bir ýagdaý bolsa, onda Russiýa, hatda Ukraina barada gönüden-göni gürrüň edilmezligi, olaryň atlarynyň hem agzalmazlygy bolup biler.
Waşingtonda-da, Wilnýusda-da Ukraina gün tertibinde agdyklyk eden mesele bolup, bu ýurda agzalyk çakylygyny hödürlemek ýa-da onuň geljekde bileleşige girmek ýoluny nädip kesgitlemelidigi barada gyzgalaňly çekişmeler guralypdy.
Görnüşinden, Tramp Ukrainanyň bu ýakynlarda NATO agzasy bolmagyny aradan aýyrýan wagtynda, bir ýewropaly resminiň aýtmagyna görä, häzirlikçe jarnamada Ukraina agzalmasa has gowy bolar.
Şeýle-de, öňki ýygnanyşyklarda ýyldyz myhman bolan ukrain prezidentiniň, Wolodymyr Zelenskiniň Gollandiýa çagyrylyp-çagyrylmajakdygy hem sorag astynda. Häzirlikçe onuň samite çakylygy tassyklanmady, ýöne NATO resmileriniň köpüsi onuň ahyrynda geljekdigine ynanýar.