ABŞ-nyň hödürleýän 'Green Card' bijesini utan türkmenistanlylar MHM tarapyndan soraga çekilýär

Illýustrasiýa suraty.

Birleşen Ştatlarda kanuny esasda hemişelik ýaşaýyş rugsadyny almaga mümkinçilik berýän Green Card bijeleriniň nobatdaky netijeleriniň yglan edilmeginiň yz ýany, türkmen howpsuzlyk gulluklary bijede utuş gazanyp, Amerika syýahat etmäge taýýarlyk görýän raýatlar bilen gürrüňdeşlik geçirip başlady.

Şeýle gürrüňdeşlikler Birleşen Ştatlara göçmekçi bolýan türkmenistanlylary ýolundan alyp galmaga gönükdirilýär diýip, Balkan welaýatynyň birnäçe ýaşaýjysy aýdýar.

“Eger-de Birleşen Ştatlara gitseňiz, Türkmenistanda döwlet işinde işleýän dogan-garyndaşlaryňyz işlerinden boşadylar. Eger-de Birleşen Ştatlara baryp, ol ýerde Türkmenistan barada ýekeje negatiw maglumat aýtsaňyz, siziň bu sözleriňiz üçin watanda galan dogan-garyndaşlaryňyz jogap bererler” diýip, gürrüňdeşlikden habarly çeşmeler howpsuzlyk işgärleriniň raýatlara aýdan sözlerini sitirleýärler.

Green Card utýan türkmenistanlylar köpelýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlary her ýyl bije esasynda 55 müň çemesi daşary ýurt raýatyna öz çäginde hemişelik ýaşaýyş rugsatnamasyny berýär. Green Card, ýagny ýaşyl kart bijesi atlandyrylýan bu proses dünýä boýunça her ýyl millionlarça ýüztutma çekýär.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti 2026-njy ýyl üçin tabşyrylan ýüz tutmalaryň netijelerini şu aýyň başlarynda yglan etdi.

Soňky ýyllarda bu karta ýüz tutup, utuş gazanýan türkmenistanlylaryň sany artýar. Bu ugurda bar bolan statistiki sanlara görä, soňky on ýyl çemesi wagtyň dowamynda ýaşyl kartda utuş gazanýan türkmenistanlylaryň sany 14 esse töweregi ýokarlandy.

Degişli maglumat ABŞ-a Meksikanyň üsti bilen. Merkezi Aziýadan bolanlar nädip serhetden gizlin geçýärler

Birleşen Ştatlar öňki ýyllar bilen deňeşdirilende has köp türkmen raýatyna öz çäginde hemişelik ýaşaýyş rugsatnamasyny hödürläp başlady.

Maý aýynda yglan edilen bijeleriň netijelerine görä, bu ýyl 2 müň çemesi türkmenistanly bijede utuş gazanypdyr.

Tutuş Merkezi Aziýa sebitine 15 müň çemesi ýaşyl kart bölünip berlipdir. Özbegistan 5 müň 564, Gyrgyzystan 3 müň 95, Täjigistan 2 müň 982, Türkmenistan 2 müň 10 we Gazagystan 2 müň dört sany kart utupdyr.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Türkmenistanda bu ugurda paýtagt Aşgabatdan soň, ikinji orunda Balkan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň gelýändigini aýdýar.

Ýaşyl kart bijesinde utuş gazanan türkmenistanlylar özleriniň esasan ABŞ-nyň hödürleýän iş mümkinçiliklerinden peýdalanmaga, ol ýerde özleriniň halal gazanç etmäge barýandyklaryny aýdýarlar.

'Howpsuzlyk gulluklary Birleşen Ştatlary garalaýar'

Türkmen howpsuzlyk gulluklary raýatlar bilen geçirýän wagyz-nesihat işleriniň dowamynda Birleşen Ştatlaryň dünýäde bir topar ýurtlar bilen arada uruş turuzyp, bigünä adamlaryň ganyna galyp, gazanç edýändigini aýdýarlar.

“Men Birleşen Ştatlara gitsem, polisiýa işgärleri meniň yzda galan dogan-garyndaşlaryma basyş edip biler. Şonuň üçin, men bu ýurda gitmezlik barada pikirlenýärin” diýip, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy, ýaşyl kart bijesinde utuş gazanan 35 ýaşly erkek adam Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Birleşen Ştatlar soňky wagtlarda öz içinde immigrasiýa syýasatyny berkleşdirip başlady. Prezident Donald Trampyň administrasiýasy hususan-da bikanun migrantlara garşy göreşmegi öz hökümetiniň baş wezipeleriniň hatarynda hasaplaýar.

Şol bir wagtda, Tramp daşary ýurt raýatlaryna bije görnüşinde ýaşaýyş rugsatnamalarynyň berilmegine-de garşy çykyp gelýär. Ol bu ugurda gaýry ýurtlardan bolan çem gelen adamyň ýurda kabul edilmeli däldigini, olaryň ukyp-başarnyklaryna we hünär artykmaçlyklaryna has köp ünsüň berilmelidigini aýdýar.

Onuň garşydaşlary migrasiýa boýunça açyk gapylar syýasatyny alyp barmagyň Birleşen Ştatlaryň ösüşine goşant goşýandygyny aýdýarlar. Olar bu syýasatyň aýratynda-da senagat we oba hojalygy ýaly pudaklaryň işçi güýji bilen üpjün edilmegine oňyn täsir edýändigini aýdýarlar.

Degişli maglumat Türkmen prezidenti ABŞ işewürleriniň tekliplerine garamaga taýýardygyny aýdýar

'Pagta ýetişdiriň!'

Türkmen howpsuzlyk gulluklary öz raýatlaryna Birleşen Ştatlara göçmegiň deregine alternatiwa hödürleýärler:

“Amerikada näme işiňiz bar!? Bu ýurda göçmegiň deregine, öz ýurduňda galyp, pagta ýetişdir, bugdaý ýetişdir?” diýip, wagyz-nesihat işlerinden habarly çeşmeler howpsuzlyk gulluklaryny sitirleýärler.

Maglumat üçin aýdylsa, Birleşen Ştatlar mejbury zähmet aladalaryna salgylanyp, türkmen pagtasyna girizen import gadaganlygyny öz güýjünde saklap galýar.

Türkmenistanda käbir foto salonlar, terjime merkezleri we beýleki käbir hususy taraplar raýatlaryň Green Card lotoreýalaryna ýüz tutmagyna ýardam bermek boýunça ýörite hyzmatlary hödürleýärler.

Bu kärhanalar hem häkimiýetleriň ýaşyl kart bijelerine garşy alyp barýan kampaniýalaryndan öz paýyny alyp başlady.

“Olara-da basyş edilýär, hatda käbir telekeçiler öz ygtyýarnamalaryny ýitirmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar” diýip, çeşmeler aýdýar.

Türkmenistanda Birleşen Ştatlara garşy howpsuzlyk gulluklary tarapyndan gaýtadan bat berilýän kampaniýalar, bu ýurtda bir döwür Günbatar ýurtlaryna garşy alnyp barlan öwüt-ündew häsiýetli maslahatlaryň dowamy bolup durýar.

'Oňarsaňyz, syýahatdan el çekiň!'

Bu aralykda, Tramp administrasiýasynyň wezipä girişmeginiň yz ýany, ABŞ tarapyndan käbir daşary ýurt döwletleriniň raýatlaryna garşy güýje girizilmegi meýilleşdirilen syýahat gadaganlygyna Türkmenistanyň hem goşulmagynyň göz öňünde tutulýandygy aýdylypdy. Ýöne soňra şeýle habarlaryň dowamy gelmedigem bolsa, bu habar Birleşen Ştatlarda gozgalmaýan emlägi bolan türkmenistanlylary aladalandyrdy.

Mundan ozal, geçen ýylyň mart aýynda Birleşen Ştatlara bikanun ýollar bilen baran iki müň çemesi türkmenistanlynyň gaçybatalga durumy boýunça kazyýet diňlenişigine garaşýandygy mälim bolupdy.

Degişli maglumat Lebapda 'Green Card' lotereýasy üçin anketa doldurýan raýatlar köpelýär

“Özge ýurtlara ýarag satyp, gan döküp gazanç edýän ýurtda siziň gazanan pullaryňyz hem halal bolmaz, oňarsaňyz Birleşen Ştatlara gitmekden el çekiň, alajy bolsa gitmäň!” diýip, türkmen howpsuzlyk işgärleri öz raýatlaryna maslahat berýär.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti özüniň dünýäde adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça çap edýän ýyllyk hasabatlarynda türkmen hökümetini adam hukuklaryny basgylamakda yzygiderli tankyt edip gelýär. Ýöne ýanwarda häkimiýet başyna geçen Tramp hökümeti adam hukuklarynyň dünýädäki ýagdaýyny özüniň ileri tutmaýandygyna yşarat edýär. Bu ugurda Döwlet departamenti tarapyndan her ýyl çap edilýän hasabatlaryň hem ymykly gysgaldylmagynyň göz öňünde tutulýandygy aýdylýar.

“Türkmen howpsuzlyk gulluklary bije utan adamlaryň tas ýarysyny, 50 göterimini dürli haýbatlar bilen ýolundan saklap bilerler” diýip, balkanly ýaşaýjy aýdýar.

Türkmen häkimiýetleriniň Birleşen Ştatlara barýan raýatlary ýolundan saklamak ugrunda edýän tagallalary, daşary ýurtlarda, şol sanda Birleşen Ştatlarda türkmen hökümetini tankytlaýan raýat aktiwistleriniň has köp peýda bolup başlan döwürlerine, galyberse-de, Türkmenistanyň öz içinde demografiýa aladalarynyň häkimiýetler tarapyndan has köp üns merkezine çekilýän pursatlaryna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.