Azerbaýjanyň häkimiýetleri jynsy taýdan zorlukda aýyplanýan Türkmenistanyň raýaty Atarejep Saparowy watanyna ekstradisiýa etdi. Bu barada 13-nji maýda “Vesti.az” neşiri Azerbaýjanyň APA habar gullugyna salgylanyp maglumat berdi.
Azerbaýjanyň Baş prokuraturasynyň maglumatynda Saparowyň “adamyň jynsy eldegrilmesizligine we jynsy azatlygyna garşy edilen jenaýatlarda” aýyplanyp, halkara gözleginde bolandygy aýdylýar.
2000-nji ýylda doglan Atarejep Agajepbarowiç Saparow ýanwar aýynda saklanypdyr we suduň karary esasynda tussaglyga ýerleşdirilipdir.
Maglumata görä, ähli degişli proseduralar geçirilenden soňra, Saparowy Türkmenistana bermek barada karar çykarylypdyr. Ol Azerbaýjanyň Adalat ministrliginiň penal gullugynyň ýörite konwoýy bilen Türkmenistanyň degişli edaralaryna gowşurylypdyr.
Türkmenistanyň oňa bildirýän aýyplamalarynyň jikme-jikleri we onuň mundan soňky ykbaly barada häzirlikçe maglumat berilmeýär.