Şu ýyl Türkmenistanda haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny döwlet goldawynda Saud Arabystanyna ibermek bellenildi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmeleri bu sanawa goşulýan adamlaryň häkimiýetler tarapyndan ‘ygtybarly hasaplanýan’ raýatlardan saýlanýandygyny habar berýärler.
“Döwletiň hemaýaty astynda haj parzyny berjaý etmäge iberilýän adamlar döwlet edara-kärhanalarynda işleýän, ýa-da işläp pensiýa çykan adamlardan düzülýär. Ýa-da bolmasa, ogul-gyzlary döwlet edaralarynda ýokary wezipeleri eýeleýän adamlaryň ene-atalary hem bu sanawa goşulyp bilinýär” diýip, ýagdaýdan habarly çeşmeler aýdýar.
Türkmenistanyň hökümeti her ýyl belli bir raýatlar toparynyň Mekge we Medine şäherlerine zyýarat etmegine ýardam berýär. Zyýaratçylar “Türkmenistan” howa ýollary kompaniýasynyň serişdeleriniň hasabyna Saud Arabystany Patyşalygyna ýörite gatnawlar arkaly äkidilip getirilýär.
Degişli maglumat Häkimiýetler 'diňe ygtybarly adamlary' haj zyýaratyna ibermäge taýýarlyk görýärAzatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri Mekge şäherine zyýarat edip, haj parzyny berjaý etmegiň soňky ýyllarda ilat arasynda “statusa öwrülip” barýandygyny, “bir-birekden kem galmajak bolup”, zyýarata isleg bildirýän adamlaryň hem ýüze çykýandygyny aýdýarlar.
Soňky ýyllarda bu ugurda ýurtda ýörgünli bolup başlan tejribelere laýyklykda, täjirçilik maksatlary boýunça haj we umra zyýaratlaryny guramalaşdyryp başlan syýahatçylyk kompaniýalary peýda bolup başlady.
Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri döwlet edara-kärhanalarynda işleýän adamlaryň öz çykdajylarynyň hasabyna haj zyýaratyna gitmeginiň oňlanmaýandygyny aýdýarlar.
“Olar tanyş görmeli hem bolsa, döwlet howandarlygyndaky zyýaratçylar toparyna goşulmaly bolýarlar” diýip, çeşmeler aýdýar.
'Aşa dindarlar' zyýarata iberilmeýär
Mundan ozal, Azatlyk Radiosy şu aýyň başlarynda ýurtda zyýaratçylary seçip almak işlerine badalga berlendigini, olaryň ýurduň daşyna çykmagyna gadaganlyk girizilmedik adamlardan saýlanyp alynýandygyny, hem-de olaryň üç nesil ata-babalarynyň geçmişiniň barlanýandygyny habar berdiler.
Şonda habarçylarymyz täjirçlik maksatlary boýunça köplenç Türkiýe döwletiniň üsti bilen haj zyýaratlaryny guramalaşdyrýan syýahatçylyk kompaniýalarynyň hem häkimiýetleriň nyşanasyna öwrülip başlandygyny habar beripdiler.
Çeşmeler bu firmalaryň haj we umra zyýaratlaryna adam saýlanlarynda Türkmenistanyň Müftiýetiniň müdirliginden we howpsuzlyk gulluklarynyň barlaglaryndan sowlup geçýändigini aýdýarlar.
Şol bir wagtda, aşa dindar hasaplanýan adamlar haj zyýaratyna iberilmeýär, olar ýurtdan çykarylmaýar diýip, çeşmeler aýdýar.
Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligine görä, döwlet hemaýatyndaky 289 zyýaratçy 31-nji maý – 23-nji iýun aralygynda Saud Arabystanynda bolarlar. Bu ugurda “Türkmehowaýollary” agentligine ýörite gatnawlary guramak boýunça degişli tabşyryklar berlipdir.
Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Türkmenistanda zyýaratçylaryň bir tapgyrynyň 24-nji maýda hossarlary tarapyndan haj zyýaratyna ugratmak çäresiniň geçirilendigini aýdýarlar.
Degişli maglumat Balkanda satyn alynmaýan “haj zyýarat ýollanmalary” myhmanhana ýolbaşçylarynyň gerdenine ýüklenýär'Haj möwsümi 16 ýyllap tomus paslyna gabat gelmez'
Saud Arabystanynyň Haj we umra ministrligi her ýylda musulman ilatynyň sanyna laýyklykda her bir ýurtdan zyýaratçy kabul edýär.
Geçen ýylyň haj möwsüminde 1,6 million çemesi daşary ýurtly musulman Saud Arabystanynda haj parzyny berjaý etdi.
Türkmenistanyň howa ýollary kompaniýasy 2024-nji ýylda türkmen zyýaratçylaryny eltip getirmek üçin bu ýurda 10 sany ýörite howa gatnawlaryny gurady.
Mundan ozal, hökümetçi neşirler ýanwarda Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti bilen Saud Arabystanynyň Haj we umra ministrliginiň arasynda haj möwsümini geçirmek hakynda ylalaşyga gol çekilendigini habar berdiler.
Galyberse-de, geçen ýyllardan tapawutlylykda, şu ýyl Saud Arabystany haj möwsümi boýunça täze lukmançylyk talaplaryny girizdi. Täze düzgüne laýyklykda, zyýaratçylar poliowirusa, meningokal meningit we sary gyzzyrma kesellerine garşy lukmançylyk sanjymlarynyň geçirilendigi hakynda güwänama almaga borçly edildi.
Şeýle-de, arap neşirlerine görä, şu ýyldan soň öňümizdäki 16 ýylyň dowamynda haj möwsümi tomus paslyna gabat gelmez. Mälim bolşy ýaly, tomus paslynda Saud Arabystanynda howanyň aşa gyzmagy haja barýan zyýaratçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edýär. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri geçen ýyl 18 sany türkmenistanly zyýaratçynyň yssy howa sebäpli haj zyýaratynda wepat bolandygyny habar berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.