Brýussel ÝB-niň goranyş mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin $170 milliardlyk meýilnamany tassyklady

ÝB-niň täze başlangyjynyň Bileleşigiň içerki ýarag önümçiligi senagatyny ösdürmegine garaşylýar

SAFE, ýagny Ýewropa üçin Howpsuzlyk Hereketi diýlip atlandyrylýan düzgünleşdirme ilkinji gezek mart aýynda Ýewropa Komissiýasy tarapyndan, agza döwletleriň NATO-nyň öňe süren täze goranyş maksatlaryna ýetmek üçin maliýe we syýasy goldaw barada eden çagyryşlaryna jogap hökmünde, şeýle-de Birleşen Ştatlar öz ünsüni başga ýere gönükdiren ýagdaýynda Ukrainadaky ýagdaýa gatyşmak mümkinçiligi üçin teklip edildi.

Azatlyk Radiosynyň tassyklanylmazyndan öň gören gutarnykly kararynda "Russiýa we Belarus tarapyndan abanýan howplar aýratyn derwaýys we aktual" bolup, haýal etmän garşy çykylmaly ýagdaý hökmünde görkezilýär.

Goranyş önümlerini işläp düzmegi ösdürmek we Ýewropa Bileleşigi boýunça senagat önümçilik kuwwatyny giňeltmek üçin zerur bolan wagt sebäpli, bu kararda ýaranlaryň agza ýurtlara “sargytlary mümkin boldugyça çalt ýerine ýetirmekde” berip başlajak goldawlarynyň “örän möhümdigi” bellenýär.

Brýussel agza döwletleriň çagyryşlaryna ilkinji bolup seslendi we, ýarag we ok-däriler üçin edilen çykdajylaryň, ýurtlara ÝB-niň bellän çäklerinden geçendigi üçin bellenen jeza mehanizminde hasaba alynmajakdygyny aýtdy.

Bu fiscal, maliýe çeýeligi ýagdaýyny döretdi, ýöne nagt pul hem agza döwletlere mümkin boldugyça çalt, gysga wagtda gerekdi.

Birnäçe paýtagtyň teklip edilýän gaznalara elýeterlilik gazanmaga has ilgezik bolmagy bilen, Ýewropa Parlamentiniň biragyzdan goldamagynyň ýa-da razyçylygynyň zerur bolmazlygy esasynda, blogyň ilçileri täze kanuny 21-nji maýda tassyk etdiler. Oňa diňe Wengriýa garşy çykdy.

Täze shema ÝB-niň 800 milliard ýewro (920 milliard dollar) gymmaty bolan COVID-19 dikeldiş maksatnamasy bilen bir hörpde işleýär.

Bileleşik SAFE ýa-da HOWPSUZ babatynda, bazarlarda zerur 150 milliard ýewrony ýygnamak we soňra agza döwletlere karz bermek üçin özüniň üç A karz reýtingini ulanar. Bu ÝB agzalarynyň köpüsiniň aýratynlykda karz alyp, serişde toplamaga synanyşmagyndan has arzan düşer.

ÝB ýurtlarynyň bäşisi - Daniýa, Germaniýa, Lýuksemburg, Gollandiýa we Şwesiýa häzirki wagtda üç A derejeli reýtingden peýdalanýarlar, şu sebäpden olar mümkin bolan karzlary has mätäç agzalara galdyrmak üçin, bu shema kän gatnaşjaga meňzemäýr.

Şertler bilen berkidildi

Karzlaryň iň ýokary dowamlylygy 45 ýyl bolup, ilkinji on ýylda oňa hyzmat etmek, satyn alnan enjamlar üçin salgyt tölemek zerurlygynyň bolmazlygy, Brýusseliň hasaplamalaryna görä, Ýewropanyň goranyş kuwwatynyň artmagyna getirjek ýene bir artykmaçlyk bolup durýar.

Ýöne, elbetde, bularyň ählisiniň käbir şertleri hem bar.

Ozaly bilen, bergili bolan günorta agza ýurtlaryň köpüsi, grant komponentini hem öz içine alýan COVID dikeldiş meýilnamasyndan tapawutlylykda, bu başlangyjyň diňe karz bolup, döwletiň onsuz hem dartgynly bolan maliýe ýagdaýyna has uly agram salmagyndan ätiýaç edýärler.

Şeýle-de, SAFE ýurtlaryň arasynda bilelikdäki goranyş satyn alyşlaryny höweslendirmeli, şol bir wagtda Ýewropa Komissiýasy ony, häzirki wagtda bar bolan we milli böleklere bölünen bazara derek, Ýewropanyň dogry-düzüw goranyş bazaryny döretmek üçin gural edinmek isleýär.

Ýurtlar karz almak üçin diňe birinji ýylyň dowamynda başga bir döwlet bilen birleşmän ýa topar tutman ýüz tutup bilerler. Ýöne şondan soň olar karz üçin iki ýa-da has köp ýurt bilelikde ýüz tutmaly bolarlar. Bu shemanyň möhleti 2030-njy ýylda gutarýar.

Serişdeleriň adalatly paýlanmagyny üpjün etmek üçin, iň uly kömek puluny alýan üç agza döwlete berlen karz paýy, bu shema bölünip berlen umumy serişdäniň, 150 milliard ýewronyň 60 göteriminden geçmeli däldir.

Ýöne soňky bir aýyň içinde SAFE, HOWPSUZ shemasyna kimiň gatnaşyp biljekdigi, dürli agza döwletleriň içerki önümçiligi ýokarlandyrmak islegini reallyklar, ýagny ähli komponentiň ÝB-de öndürilip bilinmejekdigi bilen utgaşdyrmagy esasy mesele boldy.

Täze başlanlar üçin, bu meýilnama EFTA, Ýewropa Azat Söwda Assosiasiýasynyň ýurtlary, Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa girýär. Bu ÝB-ne agza bolmaga dalaş edýän ýurt bolan Ukraina hem degişli.

Düzgünnama olaryň girizilmegini "bu ýurtlaryň Bileleşik bilen senagat goranyş önümçiliginde edýän ýakyn hyzmatdaşlygy" we "Ukrainanyň Russiýanyň dowam edýän agressiýa urşy bilen gönüden-göni ýüzbe-ýüz bolmagy" esasynda delillendirýär.

'Brýusseliň eglişigi'

Şeýle-de bolsa, bu ýerde nägile bolanlar boldy.

Hususan-da Birleşen Ştatlar bu prosesden çetleşdirilmeginden nägile boldy.

ÝB-ne agza ýurtlaryň köpüsi, transatlantik harby baglanyşyklary dowam etdirmek we beýleki ýakyn hyzmatdaşlary SAFE ugurlaryna çekmek isleýänler bu shemany daşardan gatnaşjaklar üçin açmak babatynda köp tagalla etdiler.

Ahyr netijede “65-35 düzgüni” Kabul edildi. Bu, alnan ýaragyň bahasynyň 65 göteriminiň ÝB, dört göteriminiň EFTA, Ýewropa Azat Söwda bileleşigi ýurdunda ýa-da Ukrainada öndürilmelidigini aňladýar. Ýaraglaryň galan 35 göterimi, ABŞ ýaly, beýleki ýerlerde hem öndürilip bilner.

Ýöne bu ýagdaýlar birneme çylşyrymlaşýar.

Eger-de bir ýurtda ÝB bilen Howpsuzlyk we Goranmak Hyzmatdaşlygy (SDP) bar bolsa, ýaragyň bahasynyň 65 göterimi şol döwletden hem gelip biler.