Gürjüstanyň häkimiýet başyndaky partiýasynyň esaslandyryjysy Bidžina Iwanişwiliniň öňki ýakyn ýaranlarynyň biri, ýurduň serhediniň Ermenistan we Azerbaýjan bilen araçäginiň golaýynda tussag edildi. Ol ozal jenaýat işi boýunça syýasy sebäpli yzarlanýandygyny aýdyp, ýurtdan gizlin ýagdaýda gaçypdy.
Gürjüstanyň Döwlet howpsuzlyk gullugy 27-nji maýda ýaýradan beýanatynda, Georgiý Baçiýaşwiliniň anonim habar boýunça bir gün öň tussag edilendigini aýtdy.
Britaniýaly aklawçy Robert Amsterdamyň firmasynyň ýaýradan beýanatyna görä, Baçiýaşwili Gürjüstana “mejbury ýagdaýda” gaýtarlandan soň “bada-bat gynamalara sezewar edilmek howpy” bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ol ýurtdan gaçandan soň, Tbilisiniň sudy tarapyndan gaýybana ýagdaýda ogurlyk we pul ýuwmak aýyplamalary bilen 11 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.
Baçiýaşwili 10 ýyldan gowrak wagt bäri milliarder telekeçi Bidžina Iwanişwiliniň ýakyn ýarany bolupdy. Iwanişwili 2012-2013-nji ýyllarda premýer-ministr wezipesini ýerine ýetiripdi we onuň esaslandyran “Gürji arzuwy” partiýasy saýlawlarda ýeňiş gazanansoň, ol häzirki güne çenli Günorta Kawkaz döwletiniň de-fakto, ýagny iş ýüzündäki ýolbaşçysy hökmünde görülýär.
Emma soňky döwürde olaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagy netijesinde, Iwanişwiliniň esaslandyran hususy kapital fondunyň öňki ýolbaşçysy we Gürjüstanyň milli baýlyk gaznasynyň öňki baş direktorynyň orunbasary bolan Baçiýaşwilä garşy iş açyldy. Bu iş 2023-nji ýylda hut Iwanişwiliniň beýanaty esasynda gozgalypdy.
Prokuratura Baçiýaşwilini takmynan 40 million amerikan dollary möçberinde kriptowalýutany ogurlamakda aýyplady we ol 2023-nji ýylyň iýul aýynda 2.5 million lari (912 müň dollar) möçberinde girew esasynda azatlyga çykaryldy. Ol gözegçilikden gaçyp, şu ýylyň mart aýynyň başynda Gürjüstandan çykypdy.
26-njy martda “The Guardian” neşirinde çap edilen interwýusynda Baçiýaşwili özüniň Iwanişwiliniň “sag eli” bolandygyny aýtdy. Ol şeýle hem, Iwanişwiliniň “şahsy baýamasy we howpsuzlygy üçin ýurdy we islendik milli bähbitleri gurban bermäge taýýar bir adamdygyny” aýtdy.
Amsterdam & Partners kompaniýasy hem ýaýradan beýannatynda Baçiýaşwiliniň “Bidžina Iwanişwili tarapyndan gurnalan barha ýaýbaňlanýan syýasy yzarlamalara sezewar edilýändigini” belledi.
27-nji maýda Iwanişwiliden bu ýagdaý barada hiç hili beýanat bolmady.