Russiýa gijäniň dowamynda Ukraina 60 dron bilen hüjüm etdi

Arhiw suraty

Russiýa 27-nji maýa geçilýän gije Ukrainanyň territoriýasyna 60 sany dron bilen hüjüm etdi. Ukrainanyň harby güýçleriniň maglumatyna görä, olaryň 43-si urlup ýok edildi ýa-da özi syndy.

Maglumata görä, dokuz dron nyşanalara ýetdi, ýene üç ýagdaýda urlan dronlaryň galyndylarynyň gaçandygy hasaba alyndy. Anyk haýsy desgalaryň hüjüme sezewar bolandygy anyklaşdyrylmady.

Dnepropetrowsk oblastynyň administrasiýasy hüjüm sebäpli bir oba hojalyk kärhanasynyň zyýan çekendigini, iki adamyň ýaralanandygyny habar berdi. Moskwa bu zarbalar barada beýanat bermedi.

Bu aralykda, Russiýa öten agşamyň dowamynda Ukrainadan atylan 99 drony urandygyny, olaryň aglabasynyň Belgorod we Woronež oblastlarynyň üstünde ýok edilendigini habar berdi. Goranmak ministrliginiň beýanatynda heläkçlikler ýa weýrançylyklar barada maglumat berilmeýär.