ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Moskwanyň Ukraina garşy amala aşyran adam pidaly hüjümleriniň yz ýany, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň “düýbünden aklyndan azaşandygyny” aýtdy we onuň tutuş Ukrainany basyp almak synanyşygynyň Russiýany “heläkçiligine” getirjekdigini duýdurdy.
26-njy maýda Ukrainanyň resmileriniň beren maglumatyna görä, Russiýa öten agşamyň dowamynda 355 töweregi dron, şeýle-de ganatly raketalar bilen hüjüm edipdir. Moskwanyň atan dronlary üç ýyldan hem aşa wagt bäri dowam edýän uruşdaky rekord derejedäki pilotsyz uçuş enjamlary boldy.
Russiýa tapgyr üçünji gije Ukrainanyň territoriýasyna giň gerimli hüjümleri amala aşyryp, şol sanda ýaşaýyş jaýlaryna we senagat desgalaryna zeper ýetirýär.
“Men Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen hemişe gowy gatnaşyklary saklapdym, ýöne oňa bir zatlar boldy” diýip, Tramp 25-nji maýda özüniň sosial media platformasynda ýazdy.
“Ol düýbünden aklyndan AZAŞDY!” diýip, Tramp Kremliň lideri bilen baglylykda häzire çenli eden iň ýiti çykyşynda belledi.
“Ol zerur bolmadyk ýagdaýda köp adamy öldürýär, men diňe esgerler barada gürrüň edemok. Raketalar we dronlar hiç bir sebäpsiz Ukrainanyň şäherlerine atylýar. Men hemişe onuň Ukrainanyň diňe bir bölegini däl-de, bütinleý eýelemek isleýändigini aýdypdym we belki, bu çaklamam dogry çykýandyr, ýöne ol şeýle etse, bu Russiýanyň heläkçiligine getirjekdir!” diýip, Tramp ýazdy.
Tramp ‘Truth Social’ platformasynda ýerleşdiren bu beýanatyndan biraz öň, metbugat wekillerine hem şeýle mazmunly çykyş etdi.
“Putiniň edýän zatlaryndan men hoşal däl. Ol köp adamy öldürýär we Putine näme bolandygyny asla düşünemok” diýip, Tramp Nýu-Jersiden Waşingtona ugrajak wagty eden çykyşynda aýtdy.
Tramp Morristaunyň aeroportunda eden gaharly çykyşynda, Putiniň “şäherlere raketa atýandygyny we adamlary öldürýändigini asla halamaýandygyny” belledi.
“Biz gepleşik alyp barýan wagtymyz, ol Kiýew we beýleki şäherlere raketalar atýar. Men muny asla halamaýaryn. Bu meni geň galdyrýar. Gaty geň galdyrýar. Bu adama bir zatlar boldy, men muny halamaýaryn” diýip, ABŞ-nyň prezidenti aýtdy.
Tramp parahatçylyk boýunça ilerleme gazanmak üçin, Russiýa garşy goşmaça sanksiýalary girizmegi-de göz öňünde tutup biljekdigini aýtdy, emma bu barada jikme-jik maglumat bermedi.
Kreml Trampyň soňky çykyşynyň “juda möhüm pursatda” “emosional taýdan artykmaçlyk bolandygyny” aýdyp, Putiniň “ýurduň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça gerekli kararlary kabul edýändigini” öňe sürdi.
Tramp sosial mediada eden soňky çykyşlarynda ünsüni Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskä gönükdirip, ony ýiti tankytlady. “Zelenski şeýle çykyşlary bilen öz ýurduna hiç hili peýda getirmeýär. Agzyndan çykan her bir sözi problemalary döredýär. Muny halamaýaryn, ol muny bes etmeli” diýip, Tramp ýazdy.
Trampyň bu sözleri Zelenskiniň, dynç günleriniň dowamynda rus hüjümleri sebäpli azyndan 13 adamyň ölmeginden we onlarça adamyň ýaralanmagyndan soň, özüniň esasy ýarany ABŞ-nyň “ümsümligini” tankyt eden seýrek açyk çykyşyndan soň boldy.
Ukrainanyň Ýewropaly ýaranlary Russiýanyň soňky hüjümlerini tankytlap, Kiýewe goldaw bermek zerurlygyny nygtadylar.
ÝB-niň ýokary derejeli diplomaty Kaýa Kallas sosial mediada: “Soňky gijeki hüjümler Russiýanyň has köp jebir bermegi we Ukrainany ýok etmegi maksat edinýändigini görkezýär” diýip ýazdy we Russiýa garşy “iň güýçli halkara basyşa” çagyrdy.
Çehiýanyň daşary işler ministri Ýan Lipawskiý telewizion gepleşiginde hüjümleriň “Russiýanyň parahatçylyk bilen gyzyklanmaýandygynyň nobatdaky subutnamasy” diýip belledi.
Şu aýyň başynda Ukraina sapar eden Germaniýanyň daşary işler ministri Ýohann Wadeful 25-nji maýda Russiýanyň soňky hüjümleriniň yz ýany Ukrainanyň ýaranlaryny “berk çäreleri görmäge” çagyrdy.
Bu çykyşlar Ukrainanyň parahat ilatynyň arasynda ölüm we weýrançylyklaryň dowam edýän wagtynda, Russiýa bilen alnyp barylan uly harby tussag çalşygynyň üçünji gününde ýüzlerçe ukrainalynyň ýesirlikden yzyna dolanmagy bilen bir wagtda ýüze çykdy.