Zelenski, Wens we Rubio Ak tamdaky gapma-garşylykdan soň ilkinji gezek duşuşdylar

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski we ABŞ-nyň wise-prezidenti Jeý Di Wens. Rim. 18-nji maý

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski, ABŞ-nyň wise-prezidenti Jeý Di Wens we döwlet sekretary Marko Rubio Rimde duşuşdylar. Gepleşikler takmynan 40 minut dowam etdi. Bu Zelenski, Wens we Rubio üçin fewral aýynda Ak tamda bolan gapma-garşylykdan soň ilkinji göni duşuşyk boldy.

Ukrainanyň prezidenti duşuşygyň oňat geçendigini aýtdy. Zelenskiniň sözlerine görä, ol Waşingtonyň wekilleri bilen 16-njy maýda Stambuldaky rus-ukrain gepleşikleri barada pikir alyşdy. Ukrain lideriniň bellemegine görä, Russiýa Türkiýedäki gepleşiklere “karar kabul etmäge ygtyýary bolmadyk pes derejeli wekillerden düzülen” delegasiýa iberipdir.

Zelenski şeýle-de Wens we Rubio bilen ýesir alyş-çalşygyny dowam etdirmek meselesini hem-de Russiýa garşy täze sanksiýalaryň girizilmeginiň zerurdygyny ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy.

Gepleşikleriň öňüsyrasynda Zelenski, Wens we Rubio Watikanda Rim papasy Leon XIV-niň işine girişmek dabarasyna gatnaşdylar.