ABŞ-nyň Ýakyn Gündogar boýunça ýörite wekili Stiw Witkoff, Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terrorçy gurama hökmünde ykrar edilen, Palestinanyň radikal Hamas toparynyň Gaza zolagynda ok atyşyklary bes etmek baradaky onuň öňe süren tekliplerine razy bolandygy baradaky maglumatlary inkär etdi.
Hamasyň Witkoffyň tekliplerine razy bolandygy barada, mundan öň Reuters agentligi “Hamas toparyna ýakyn” diýlip tanyşdyrylan atlandyrylmadyk bir palestin resmisine salgylanyp habar beripdi. Witkoffyň sözlerine görä, Hamasyň ok atyşyklary bes etmek boýunça hamala razy bolandygy aýdylýan şertleri, onuň öňe süren talaplary bilen gabat gelmeýär.
Reuters bilen söhbetdeş bolan resminiň aýtmagyna görä, Witkoffyň öňe sürendigi aýdylýan teklip esasynda Hamas-yň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri ýesirlikde saklaýan 10 sany diri ysraýylly zamuny iki tapgyrda azat etmeginiň öwezine, 70 günläp ok atyşyklar bes edilmeli, mundan başga-da Ysraýylyň goşunlary zolakdan bölekleýin çykarylmaly we Ysraýyl türmelerindäki ýüzlerçe palestin tussagy boşadylmaly.
Reuters-iň ýazmagyna görä, Ysraýylyň wekili bu teklibi bada-bat ret edip, onuň Witkoffyň hakyky teklibi bilen laýyk gelmeýändigini tassyklapdyr.