Balkan welaýatynyň käbir sebitlerinde 18 ýaşan mekdep uçurymlarynyň gutardyş synaglaryny tabşyrmaklaryna mümkinçilik berilmezden harby gulluga gyssagly çagyrylyp başlanmagynyň arasynda, Türkmenbaşy etrap harby wekilhanasynyň serkerdesiniň "korrupsiýa aýyplamalary boýunça" saklanandygy habar berilýär.
“Öňki harby komissar mekdeplerden ýaňy uçurym bolan ýaşlaryň harby gulluga çagyrylmagynyň möhletini yza süýşürmäge ýardam bermegiň öwezine, raýatlardan uly möçberlerde para almakda güman edilýär. Ol harby prokuraturalaryň görkezmesi boýunça saklanyp, häzirki wagtda derňew işleriniň tamamlanmagyna garaşylýar” diýip, ýagdaýdan habarly çeşmeler aýdýar.
Türkmenistanda 18 ýaşyny dolduran mekdep uçurymlarynyň ýazky çagyryş möwsüminde gyssagly harby gulluga alnyp gidilmegi bilen bagly wakalar soňky birnäçe ýyl bäri yzygiderli gaýtalanýar.
Balkanda ýokary derejeli harby ýolbaşçysynyň tutulyp saklanmagy, şu wagta çenli jemgyýetçilige mälim bolan maglumatlara görä, mekdep uçurymlarynyň harby gulluk möhletiniň yza süýşürilmegi bilen baglylykda, korrupsiýa aýyplamalary boýunça ilkinji tussag etme bolýar.
Azatlyk Radiosynyň bu hadysa boýunça Balkan welaýat harby wekilliginden resmi teswir almak synanyşygy netije bermeýär.
Çeşmeler tussag astyndaky etrap harby wekilliginiň ýolbaşçysynyň geçen aý wezipesinden boşadylandygyny aýdýarlar.
“Aýdylmagyna görä, öňki harby ýolbaşçy mekdeplerden ýaňy uçurym bolup, hususan-da ýokary okuw jaýlaryna girmäge synanyşýan okuwçy ýaşlaryň ene-atalaryndan, harby gullugy çagyrmagyň möhletini alty aý yza süýşürmegiň öwezine para alyp gelipdir” diýip, çeşmeler aýdýar.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlary garaşsyz ýagdaýda tassyklap bilmeýär, şeýle-de bu ugurda ýerli harby prokuraturalardan teswir almak synanyşygymyz netije bermeýär.
'Para soradylar'
Ýöne günbatar welaýatdaky çeşmeler ene-atalaryň birnäçesine salgylanyp, harby gullugyň möhletini yza süýşürmekde korrupsiýa hadysalarynyň giň ýaýrandygyny aýdýarlar.
“Şu ýyl orta mekdebi tamamlap, ýokary okuw jaýyna synanyşmakçy bolýan oglumyň harby gulluk möhletini alty aý yza süýşürmek üçin 50 müň manat para soradylar” diýip, balkanly ýaşaýjy aýdýar.
“Men zordan tanyş tapyp, 45 müň manada razy etmegi başardym. Aşgabatda bir ýokary okuw jaýynyň giriş synagyndan geçmek üçin üç aý öň 200 müň manat möçberinde para berip goýupdym” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda para alynmagy we berilmegi jenaýat hökmünde ykrar edilip, bu ugurda jeza çäreleri göz öňünde tutulýar. Muňa garamazdan, raýatlar parahorlygyň durmuşyň ähli ugurlaryna ýaýrandygyny tassyklaýarlar.
Günbatar welaýatyň harby edaralaryndaky ýagdaýlardan habarly çeşmeler ýokary derejeli harby serkerdäniň korrupsiýa aýyplamalary bilen baglylykda dowam edýän derňew işlerine garamazdan, raýatlardan gulluk möhletiniň yza süýşürilmegi boýunça para alynmagynyň we berilmeginiň üznüksiz dowam edýändigini aýdýarlar.
Uçurym ýaşlar gulluga äkidilýär
Bu aralykda, şu günler Türkmenistanda raýatlary harby gulluga çagyryş möwsümi dowam edýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy 31-nji maý – 1-nji iýun günlerinde raýatlaryň bir tapgyrynyň Balkan welaýatynyň Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinden Mary we Lebap welaýatlaryna harby gulluga ugradylmagyna garaşylýandygyny habar berýär.
Ýerli ýaşaýjylar bu tapgyra orta mekdeplerden ýaňy uçurym bolup, heniz gutardyş synaglaryny tabşyryp ýetişmedik raýatlaryň hem girizilendigini aýdýarlar.
“Ene-atalar şok ýagdaýynda – mekdeplerden harby gulluga gyssagly alnyp gidilýän ýaş raýatlaryň gutardyş synaglaryny tabşyrandyklary barada gyssagly resminama düzetmek talap edilýär. Olaryň orta bilim hakyndaky şahadatnamalaryny galp bahalar bilen dolduryp, ene-atalaryna gowşurmaklyk soralýar” diýip, balkanly ýaşaýjy aýdýar.
Harby gulluga çagyryş möwsüminden habarly çeşmeler nobatdaky tapgyryň tas doly diýen ýaly mekdebi ýaňy tamamlan uçurymlardan düzülendigini aýdýarlar.
“Okuwçy ýaşlar iýun aýynyň 20-lerine gutardyş synaglaryny tabşyryp bolarlar, ýöne bu ýagdaý 18 ýaşyny dolduran uçurymlaryň gulluga alnyp gidilmegine böwet bolup bilmeýär” diýip, çeşmeler aýdýar.
Türkmenistanda 2022-nji ýylyň noýabr aýynda harby borçlylyk hakynda kanuna üýtgetmeler girizilip, ýokary okuw jaýyna synanyşmakçy bolýan raýatlaryň gulluk möhletini alty aý möhlet bilen yza süýşürmeklerine rugsat berildi.
Bu ýurtda çagyryş boýunça harby gulluk 18-27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlardan borç hökmünde talap edilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum