ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini ýene-de berk görnüşde tankyt etdi.
“Wladimir Putiniň düşünmeýän zady şu: eger men bolmadyk bolsam, Russiýanyň başyna eýýäm örän aýylganç wakalar gelip bilerdi. Meniň göz öňünde tutýanym - ÖRÄN AÝYLGANÇ zatlar. Ol ot bilen oýnaýar!” diýip, Tramp 27-nji maýda Truth Social sosial ulgamyndaky hasabynda ýazdy.
Tramp 26-njy maýda hem Russiýanyň Ukrainadaky nobatdaky giň gerimli zarbalaryndan soň, Putini ýiti tankytlap çykyş edipdi. “Men Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen hemişe gowy gatnaşyklary saklapdym, ýöne oňa bir zatlar boldy. Ol düýbünden aklyndan AZAŞDY! Ol zerur bolmadyk ýagdaýda köp adamy öldürýär, men diňe esgerler barada gürrüň edemok. Raketalar we dronlar hiç bir sebäpsiz Ukrainanyň şäherlerine atylýar ” diýip, Tramp ýazypdy.
26-njy maýda Kreml Trampyň ýiti çykyşlaryny “juda möhüm pursatda hemmeleriň emosional dartgynlylygy” bilen düşündirdi. Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow bolsa, ABŞ-nyň prezidentiniň Ukrainadaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça edýän tagallalaryny “deňagramly” diýip atlandyrdy.