Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp sözünde durup, Putini 'aňyna aýlap bilse' parahatçylyk gelerdi – türkmenistanly harby synçy


Rus prezidenti Wladimir Putin (çepde) we ABŞ prezidenti Donald Tramp
Rus prezidenti Wladimir Putin (çepde) we ABŞ prezidenti Donald Tramp

Bu sözler irki ýyllarda Türkmenistanyň goranyş pudagynda ýokary wezipeleri eýelän harby synçynyň beýan eden garaýyşlary. Ol Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň rus kärdeşi Wladimir Putin bilen geçiren telefon söhbetdeşligini, hem-de amerikan lideriniň soňky sosial media postlaryny seljerdi.

'Tramp rus kärdeşini ýaňy-ýaňy tanap başlan ýaly bolup görünýär' diýip, pensiýadaky harby serkerde aýdýar.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp soňky üç ýyl bäri Ukrainada dowam edýän urşy derhal soňlamagy özüniň baş wezipeleriniň hatarynda kesgitläp, 20-nji ýanwarda prezident wezipesine girişeli bäri, bu ugurda birnäçe tagalla etdi, degişli liderler bilen telefon söhbetdeşliklerini, ikiçäk duşuşyklary geçirdi.

Amerikan lideri şeýle tagallalaryň çäklerinde, 19-njy maýda rus prezidenti bilen geçiren we iki sagat çemesi dowam eden telefon söhbetdeşliginiň yz ýany, sosial mediada Russiýanyň we Ukrainanyň “urşy gutarmagyň şertlerini derrew ara alyp maslahatlaşmaga başlajakdyklaryny” yglan etdi.

Ýöne Russiýa bu söhbetdeşligiň yz ýany, ukrain resmilerine görä, 25-nji maýda üç ýyllyk uruşda goňşusynyň üstüne iň iri raketa we dron hüjümlerini amala aşyryp, ABŞ prezidentiniň berk duýduryşlaryna sebäp boldy.

'Akylyndan azaşan'

Donald Tramp Ukraina edilen agyr hüjümlerden soň, rus kärdeşini ‘akylyndan azaşan’ atlandyrdy.

'Men Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen hemişe gowy gatnaşyklary saklapdym, ýöne oňa bir zatlar-a bolupdyr' diýip, Tramp 25-nji maýda özüniň sosial media platformasynda ýazdy.

'Ol düýbünden akylyndan azaşdy!' diýip, ol Putin barada häzire çenli eden iň ýiti çykyşynda belledi.

Tramp rus lideri baradaky tankydy belliklerini soňra-da dowam etdirdi. Ol 27-nji maýda özüniň sosial media platformasynda paýlaşan postunda Putini ‘ot bilen oýun etmekde’ aýyplady.

ABŞ lideri özi bolmadyk bolanda, Russiýanyň 'gaty aýylganç zatlara' sezewar bolup biljekdigini aýtdy.

'Gaty erbet zatlar' diýip, ol öz bellikleriniň aşagyny çyzyp nygtady.

Şeýle tankytlaryň yz ýany, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen telefon arkaly söhbetdeş bolan aşgabatly öňki harby serkerde amerikan lideriniň Putiniň dünýäsine ýaňy-ýaňy aralaşyp başlandygyny, onuň Putine ýaňy-ýaňy düşünip başlan bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

Öňki KGB ofiseri we biznesmen

'Tramp demokrat ýurtda doglup, demokrat jemgyýetde önüp-ösen lider. Onuň pikir-garaýyşlary post-sowet ýurtlardaky awtokratlaryň pikir-garaýyşlary bilen deň gelmän biler... Putin öňki KGB ofiseri, Tramp bolsa, biznesmen' diýip, harby synçy aýdýar.

Ol post-sowet giňişlikde öňki sowet lideri [Iosif] Stalinden miras galan “ýowuzlyk medeniýetini” dowam etdirmäge şertleriň bardygyny, dünýäniň bu künjeginde awtokrat liderleriň öňden miras galan “ýowuzlyk” mekdebinde ýetişendiklerini ileri sürdi.

'Putin [parahatçylyk barada geçiren telefon söhbetdeşliginiň edil yz ýany] ukrain paýtagtyna dyngysyz bomba ýagdyryp başlady' diýip, harby synçy aýdýar we rus lideri üçin bu hereketiň geň däldigini belläp, sözüniň üstüni ýetirýär.

Ol ABŞ lideriniň Putin babatynda eýe bolup başlan pozisiýasynyň 'alkyşlamaga mynasyp' bolandygyny aýdýar.

Tramp başdan bäri Ukrainada dowam edýän urşa özüniň gatyşygynyň ýokdugyny, bu urşuň 'Baýdeniň urşy' bolandygyny, eger-de özi öňden prezident bolan bolanda, bu urşuň asla turup bilmejekdigini aýdyp gelýär.

Munuň bilen baglylykda, ol bu uruş boýunça beren öňki beýanatlarynda Putine tankydy çemeleşmekden saklanyp gelýärdi.

Ýöne soňky hüjümleriň yz ýany, Tramp Putine haýbat atyp başlady.

'Putin Trampyň parahatçylyk teklibini gorkaklyk hasaplap gelýär. Ol öňki KGB ofiseri, Tramp-da biznesmen bolansoň, olaryň çemeleşmeleri bir-birege gabat gelmän bilýär. Şonuň üçin, amerikan prezidentine tejribeli harby maslahatçy gerek' diýip, türkmenistanly harby synçy aýdýar.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Ukrainada üç ýyl bäri Russiýa tarapyndan dowam etdirilýän uruş barada habar bermeýär.

Russiýa 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina goşun girizdi. Üç ýyl bäri dowam edýän uruşda Günbatar ýurtlary Ukrainanyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini goldap gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG