Gazak resmileri goňşy Türkmenistan bilen arada wizasyz syýahat düzgünini girizmegiň meselelerini gozgaýan mahaly, ýerli synçylar Türkmenistanyň, hususan-da goňşy we hyzmatdaş ýurtlar bilen berk wiza düzgünini saklap galmak syýasatyny soraga tutýarlar.
Geçen hepde gazak mediasy ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Alibek Kuantyrowa salgylanyp, gazak hökümetiniň türkmen resmileri bilen geçiren duşuşyklarynda iki ýurduň arasynda wizasyz syýahat düzgünini girizmek meselesini gozgandygyny we bu ugurda özleriniň häzirki wagtda Türkmenistanyň berjek jogabyna garaşýandyklaryny habar berdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu sorag boýunça beýanat bermeýär, ýöne ýurt raýatlary, şol sanda ýerli synçylar goňşy Gazagystan tarapyndan bu meseläniň gozgalmagynyň arasynda, öz hökümetleriniň ýapyklyk syýasatyny ara alyp maslahatlaşýarlar.
“Öňler Gazagystan bilen arada 5 günlük wizasyz syýahat düzgüni bardy, hiç bolmasa, aýda bäş gün bolsa-da Maňgyşlakdaky garyndaşlary görüp gelerdik, azyk önümlerini getirerdik” diýip, Balkan welaýatynyň Garabogaz şäheriniň ýaşaýjysy bolan pensioner aýal Züleýha (ady üýtgedildi) aýdýar.
Öňki ylalaşyk
Türkmenistan bilen Gazagystanyň serhet ýaka sebitleriniň arasynda 2001-nji ýylda özara ylalaşyk esasynda bäş gün möhlet bilen wizasyz syýahat düzgüni girizilipdi. Gazak ministri bu düzgüniň 2016-njy ýylda Türkmenistan tarapyndan bir taraply görnüşde ýatyrylandygyny aýdýar.
Ol munuň bilen baglylykda Gazagystanyň Daşary işler ministrligine köp sanly arz-şikaýatlaryň gelip gowuşýandygyny, prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň Aşgabada amala aşyran saparynyň dowamynda hut özüniň bu meseläni gozgandygyny mälim etdi.
Türkmen resmileri şeýle meseleler boýunça media serişdelerine ýa-da halk köpçüligine beýanat bermegi zerur hasaplamaýarlar. Şol sebäpden, bu meseläni çözmek babatynda Türkmenistanyň resmi pozisiýasynyň nähili bolandygy mälim däl.
Jemgyýetçilige äşgär bolan soňky maglumatlar bilen, “iki ýurduň arasynda wizasyz syýahat düzgüniniň hem-de özara uçar gatnawlarynyň hut türkmen tarapynyň başlangyçlary boýunça ýatyrylandygy mälim boldy” diýip, aşgabatly synçy aýdýar.
Ýatlasak, Azatlyk Radiosy 2016-njy ýylda iki ýurduň arasynda serhetleriň ‘näbelli möhlete çenli’ ýapylmagy we bu ýagdaýyň serhet ýaka ýaşaýjylara ýetirýän täsirleri barada ilkinjileriň hatarynda habar berdi.
Global koronawirus pandemiýasynyň dowamynda yglan edilen arakesmeden soňra, “Türkmenistan” howa ýollary kompaniýasy 2023-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabat – Almaty ugry boýunça uçar gatnawlarynyň gaýtadan dikeldilýändigini mälim etdi. Ýöne media maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň maý aýynda türkmen we gazak resmileri heniz-de özara uçar gatnawlaryny dikeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarlar.
‘Wiza meselesi – howpsuzlyk meselesi’
Ýerli synçylar türkmen hökümetiniň ähli ýurtlar bilen, şol sanda strategiki hyzmatdaşlar bilen arada berk wiza düzgünini ymykly saklap galmagyň tarapynda çykyş edýändigine ünsi çekip, bu çäklendirmeleriň “milli howpsuzlyk bähbitleri” bilen düşündirilmegine soragly çemeleşýärler.
Öňki ýyllarda Russiýa we Türkiýe ýaly iri hyzmatdaşlar bilen Türkmenistan arada öz güýjünde galýan wiza düzgünleri bilen bagly hem käbir meseleler gozgalypdy.
Ýatlasak, 2023-nji ýylyň aprelinde Russiýanyň Aşgabatdaky öňki ilçisi Aleksandr Blohin TASS habarlar agentligine beren interwýusynda Russiýanyň Türkmenistan bilen arada wiza düzgünini ýatyrmaga taýýardygyny, bu meselede özleriniň türkmen tarapynyň jogabyna garaşýandyklaryny aýdypdy.
Türkmen hökümeti bu babatda hem, adat bolşy ýaly, öz resmi pozisiýasyny media serişdelerine we halk köpçüligine aç-açan aýan etmegi zerur hasaplamaýar. Ýöne Russiýa bilen Türkmenistan arada wiza düzgüni şu wagta çenli saklanyp galýar.
Türkiýe 2007-nji ýylda bir taraply görnüşde Türkmenistan bilen arada wizasyz syýahat düzgünini güýje girizdi. Ýöne 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda bu düzgün hut Aşgabadyň öz haýyşy boýunça türk prezidenti Rejep Taýýip Erdogan tarapyndan ýatyryldy.
Özbek we türkmen halklarynyň arasynda hem birmeňzeş syýahat düzgünleri saklanyp galýar. Bu iki ýurt hem, Gazagystan bilen arada bolşy ýaly, serhet ýaka sebitleriň ýaşaýjylary üçin wizasyz syýahat düzgünini girizipdi. Ýöne iki goňşy halkyň özara gelim-gidimi çäkli bolmagynda galýar. Soňky ýyllarda özbek we türkmen hökümetleriniň arasynda barha ýygjamlaşýan özara duşuşyklar halkalaryň arasynda hereket çäklendirmeleriniň aradan aýrylmagyna getirmeýär.
“Aşgabat bir tarapdan Russiýa, Gazagystan, Türkiýe we Özbegistan ýaly ýurtlary öz strategik hyzmatdaşlary we dostlary hökmünde görýändigini tekrarlap gelýär” diýip, ýerli synçy aýdýar, ýöne beýleki tarapdan ol bu ýurtlar bilen arada özara hereketi ýeňilleşdirmäge goşant goşmazlyk bilen, “olary özüne howp hasaplaýan ýaly bolup görünýär”diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.
Aşgabatdaky öňki rus ilçisi has ozal, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda TASS habarlar agentligine beren aýrybaşga interwýusynda Russiýanyň GDA agza ýurtlar bilen arada diňe Türkmenistan bilen wiza düzgünini saklap galýandygyny, Arkalaşyga agza galan beýleki ýurtlaryň raýatlarynyň wizasyz syýahat edip bilýändiklerini belläp, Türkmenistanyň wiza meselesine “howpsuzlyk meselesi” hökmünde garaýandygyny aýdypdy.
Türkmenistanyň häkimiýetleri “howpsuzlyk meselesine uly ähmiýet berýär”, wiza gözegçiligi, “ýykgynçy güýçleriň, ilkinji nobatda hem terrorçylaryň öňüni almaga goşmaça mümkinçilik berýär” diýip, şonda rus mediasy Blohini sitirledi.
Ankara hem Türkmenistan bilen arada wizasyz syýahat düzgüniniň türkmen tarapynyň haýyşy boýunça ýatyrylandygyny aýtdy.
Gaýta-gaýta gozgalýan tema
Paýtagtly synçy wiza meselesiniň türkmen resmileri üçin ‘ýakymsyz’ tema bolandygyny, ýöne muňa garamazdan Türkiýe, Russiýa, Gazagystan, hatda Eýran ýaly hyzmatdaşlaryň bu temany resmi Aşgabadyň öňünde öwran-öwran gozgaýandygyny aýdýar.
“Diňe Özbegistan bu meselede dymyşlyk pozisiýasyny saklap gelýär. Özbegistan soňky ýyllarda Türkmenistan bilen arada wiza düzgünini ýatyrmak meselesini ýekeje-de gezek resmi taýdan dile getirmedi. Ýöne ol Duşenbe, Bişkek we Astana bilen ähli serhet meselelerini çözendigini öwran-öwran gaýtalaýar, Türkmenistan bilen arada bolan hiç bir meseläni agzamaýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Bu aralykda, Gazagystanyň parlamenti geçen hepdede Türkmenistan bilen inwestisiýalary özara höweslendirmek boýunça gol çekilen ylalaşygy ratifikasiýa etdi.
Şol bir wagtda, Gazagystan apreliň ahyrynda Türkmenistanyň iň iri gaz känleriniň biri bolan “Galkynyş” gaz ýatagyny özleşdirmek işlerine goşulmak isleýändigini ýene bir gezek mälim etdi. Türkmen metbugaty Gazagystanyň döwlet tebigy gaz kompaniýasy bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasynda gaz känini özleşdirmegiň üçünji tapgyry boýunça gepleşikleriň geçirilýändigini habar berdi.
Gazak we türkmen liderleri iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň göwrümini öňümizdäki ýyllarda 1 milliard dollara çenli çykarmagy nazarlaýandyklaryny aýdýarlar.
Resmi habarlara görä, bu iki ýurt halkara ulag-üstaşyr taslamalarynyň çäklerinde hem hyzmatdaşlyk edýärler. Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýol geçelgesi, şeýle-de Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan gara ýol serhet geçelgesi bu taslamalara mysal görkezilýär.
Bu aralykda, Merkezi Aziýa ýurtlary soňky ýyllarda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürýän ýaly bolup görünýär, ýöne bu hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda sebit halkalarynyň gündelik durmuşyna ýetirýän oňyn täsirleri “döwrüň şaýatlygyna” garaşýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum