Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy häzir, howanyň aşa gyzmagyna garamazdan, Ahal sebitiniň gowaça meýdanlarynda işleýän işçileriň aglaba köplügini orta mekdepleri ýaňy tamamlan ýa-da ýokarky synplaryň okuwçysy bolan oglan-gyzlaryň düzýändigini, olaryň bu agyr işden edýän gazançlaryndan razy däldigini, ýöne başga alaçlarynyň ýokdugyny habar berýär.
Synçylaryň, şol sanda golaýda çap edilen täze hasabatyň awtorlarynyň pikirine görä, Türkmenistanda ulanylýan mejbury zähmet hökümet wekilleriniň gönüden-göni gatnaşmagy we beýleki ýurtlardaky oýunçylaryň täsir etmegi bilen saklanýar.
Azatlyk ýurduň oba hojalyk meýdanlarynda ulanylýan mejbury zähmet we onuň ejirini çekýän adamlar barada yzygiderli habar berýär. Anonimlik şertinde gürleşen ýaşlaryň aýtmaklaryna görä, potratçylar biraz öň uzakly gün gowaça meýdanlarynda bolup, otag otajak, gowaça ýekelejek günlükçilere 40 manat möçberinde hak hödürleýärdiler, emma otagçy tapylmansoň, häzir günlükçi daýhanlara 50-60 manat hödürlemäge başladylar.
“Köp hojalyk üçin çagalaryna çörek tapmak gaýgy, çagalarymyzy ýokary okuw jaýlaryna salmak barada asla pikir hem edip bilemizok, sebäbi öz bilimiňe ýokary okuw jaýlaryna girip bolmaýar. ...hünärment okuw jaýlaryna hem mugt girip bolmansoň, biz okuw barada pikir hem etmeýäris” diýip, Babadaýhan etrabynda ýaşaýan söhbetdeşimiz aýtdy.
“...jaýlar ýarty üçekli, palçykdan salnyp, abatlaýyş işlerini hä diýmän geçirmeli jaýlary görse bolýar” diýip, ol etrap adamlarynyň ýaşap oturan jaýlaryny görseň, ýagdaýa soraman hem düşünip bolýandygyny aýtdy.
“Hojalykdan üç adam otag, ýekeleme işlerine gitse, her günde 150 manat gazanýar. Bu pul zordan iýjegimize ýetýär, başga zada ýetenok. Her gün çeken agyr zähmetimize tölenýän 50-60 manat az bolýar. Azyndan 100 manat berseler hem beýle bolmazdy, emma ony hem berýän ýok” diýip, çeşme aýtdy.
Onuň sözlerine görä, günlükçi işçiler gowaça meýdanlaryna öz kätmenlerini, pillerini alyp barmaly, iş aýakgaby, iş eşikleri, iýjek-içjekleri hem öz hasaplaryna. iş gurallary döwülse, täzesini satyn almaly, sapy döwülse, sap almaly. Täze kätmen 50-60 manat bahalanýar.
“Biz çagalarymyzy gowaça meýdanyna çekmek islämizok, emma başga çykalgamyz ýok, çagalary öýermek, çykarmak hem uly alada bolup durýar. Orta mekdebi tamamlan gyzlarymyzyň çaltrak durmuşa çykmagyny arzuw edýäris, sebäbi bir adam azalsa, hojalyklara şolam uly täsir edýär, azyk ýetmezçiligi bir adam köpelse hem bildirýär, şol sebäpden ogullarymyzy öýermek barada pikir hem etmeýäris” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýaşaýjy aýtdy.
Söhbetdeşlerimiziň aýry-aýrylykda tassyklamagyna görä, ogullary harby gullugy tamamlap gelen hojalyklar köplenç ýaşlaryň derrew eklenjiň ugruna çykyp, öýlenmek, toý etmek üçin gerek puly özleriniň jemlemegini talap edýärler.
Türkmenistanda doly bahaly sosial barlag geçirmek mümkinçiligi örän çäkli, ýöne synçylar ýurtda “gowy bilim” alyp bilmeýän we iň az tölegli işlerde işlemeli bolýan ýaşlaryň sanynyň her ýylyň maýynda ýene-de onlarça müňe çenli köpelýändigini aýdýarlar.
“Mekdebi tamamlan oglanlaryň köpüsi, başga ugur-ýol tapman, harby gulluga çagyrylýançalar potrat meýdanlarynda günlükçi bolmaly bolýar; kerpiç zawodlarynda günlükçilik edýän ýaş oglanlar hem köp, çagalar ýaşlykdan billerini bükýär” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi daşary ýurtlara ugradyp bilmeýän ene-atalaryň çagalarynyň geljegini “ýagty görmeýändigini” aýtdy.
“Turkmen.news”, Adam hukuklary boýunça “Türkmen başlangyjy” (TIHR), “Progres” gaznasy we Pagta kampaniýasy tarapyndan taýýarlanan we 19-njy maýda çap edilen täze hasabatda aýdylmagyna görä, Türkmenistanda mejbury zähmetiň saklanyp galmagy esasan hökümet wekilleri, olaryň bu iş bilen yzygiderli meşgullanmagy bilen bagly.
Şeýle-de, 2024-nji ýyldaky ýagdaýa syn edilen hasabatyň awtorlary Türkmenistanyň gowaça meýdanlarynda ulanylýan mejbury zähmetiň saklanyp galmagyna beýleki ýurtlardaky hökümetler we kompaniýalar tarapyndan täsir edilýändigini aýdýarlar.
Türkmen häkimiýetleri garaşsyz žurnalistleriň we hukuk goraýjy aktiwistleriň gowaça meýdanlaryna, kerpiç zawodlaryna we beýleki kärhanalara baryp, adamlaryň iş, gazanç şerleri bilen bagly ýagdaýlary ýerinde we açyk öwrenmegine ýol bermeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum