Türkmenabatda orta mekdeplerden uçurym bolan ýaşlar bu möhüm sepgidi berk polisiýa gözegçiligi astynda, seresap şatlanyp, ätiýaçly gutlamaga mejbur boldular. Ýerli çeşmeler 'Soňky jaň' üýşmeleňleri bilen baglylykda şäheriň jemgyýetçilik ýerlerinde girizilen çäklendirmeler barada habar berýärler.
“Soňky jaň güni ir säherden başlap, ‘Halklaryň dostlugy’, ‘Ýaşlar’ we ‘Altyn Asyr’ seýilgählerinde, şeýle-de ‘Puşkin’ köprüsiniň töwereginde polisiýa işgärleriniň sany adatdan daşary artdyryldy” diýip, şäher ýaşaýjylary aýdýar.
Türkmenistanda ‘Soňky jaň’ çäreleri, beýleki käbir möhüm senelerde bolşy ýaly, her ýyl berk häkimiýet gözegçiligi astynda bellenip geçilýär. Güýçlendirilýän gözegçilik işleri jemgyýetde tertip-düzgüni saklamak ugrunda edilýän tagallalar hökmünde düşündirilýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan türkmenabatly uçurymlar mekdeplerde ‘Soňky jaň’ dabaralarynyň geçirilen güni agşamara şäherde topar-topar bolup gezelenje çykan ýaşlaryň polisiýa tarapyndan saklanyp, öýlerine ugradylandygy aýdýarlar.
Polisiýa işjeňligi artdy
“Agşam sagat 19:00-dan soňra köpçülik ýerlerinde toparlanyşyp ýören uçurym oglan-gyzlar polisiýa işgärleri tarapyndan öýlerine kowuldy, polisiýa bölümlerine alnyp gidilen ýaşlar hem boldy” diýip, bir uçurym aýdýar.
Mekdeplerde ‘Soňky jaň’ dabarasynyň tamamlanmagynyň edil yz ýany, gündiz şäherde bilelikde surata düşmäge çykan uçurym ýaşlar jemgyýetçilik ýerlerinde özleriniň polisiýa işgärlerine duş gelendiklerini, ýöne olaryň özlerine hiç hili duýduryş bermändigini aýdýarlar.
“Seýilgähde her ädimde polisiýa işgärlerine duş gelmek bolýardy. Olar üýşüp, bize siňe-siňe seredýärdiler, ýöne hiç hili ses-üýn çykarmadylar. Olaryň bakyşlary bizi gorkuzdy” diýip, uçurym ýaşlar şäherde güýçlendirilen polisiýa gözegçiliginiň özlerinde galdyran täsirleri barada gürrüň berdiler.
Azatlyk Radiosy ‘Soňky jaň’ dabarasynyň bosagasynda Türkmenabatda güýçlendirilen gözegçilik çäreleri, kafe-barlaryň iş tertibiniň çäklendirilmegi barada habar berdi.
Şonda dynç alyş we güýmenje mekanlarynyň eýeleri ýerli polisiýa edaralary tarapyndan özlerine dilden görkezme berlip, dabaralar we üýşmeleňler tamamlanýança, 24-27-nji maý aralygynda şäherdäki kafe-barlaryň iş tertibiniň wagtlaýyn çäklendirilendigini aýtdylar.
Bu şeýle-de boldy: ençeme kafe-barlarda uçurym ýaşlaryň oturylyşyk guramalaşdyrmagy gadagan edildi.
Kafe-barlaryň iş tertibi çäklendirildi
“Biz şol gün işler oňuna bolar, köpräk müşderi sowup, girdeji gazanarys öýdüpdik welin, gaýtam, tersine boldy. Sebäbi, bize uçurymlar üçin ýörite çäreler geçirilse, jerimeleriň salynjakdygy öňünden aç-açan duýduryldy” diýip, kafe eýesi aýdýar.
Ýöne ozalam habar berlişi ýaly, şeýle çäklendirmeler ähli kafe-barlara degişli edilmedi. Ýerli çeşmeler ýokary wezipelerde ‘howandarlary bolan’ belli-belli kafe-barlarda we restoranlarda “Soňky jaň” agşamlarynyň guramalaşdyrylandygyny aýdýarlar.
Bulardan başga-da, “Lebap” söwda we dynç alyş merkezinde hem “Soňky jaň” mynasybetli uçurym ýaşlara niýetlenip, baýramçylyk çäresi geçirilipdir.
“Bu toý-şagalaň agşam sagat 21:00-a çenli dowam etdi” diýip, uçurymlar aýdýar.
Bu çäreden soň, kireýine taksi tutup, öýlerine dolanan ýaşlar ýol ugrunda özleriniň ençeme polisiýa işgärine duş gelendiklerini aýdýarlar.
Orta mekdeplerdäki ‘Soňky jaň” dabaralary Türkmenistanda uçurym ýaşlar üçin däp bolan käbir goşmaça çykdajylary hem öz ýany bilen getirýär: okuwçylar täze egin-eşiklere, mekdep müdirlerine ýa-da beýlekilere satyn alynýan sowgatlara, dabaralara we üýşmeleňlere harajat çykarýarlar.
Çykdajylar
Lebaply bir ýaş ýigit şu ýyl uçurym dabaralaryna niýetläp, ýaşlaryň her haýsynyň azyndan 1000 manat möçberinde pul çykarandygyny aýdýar.
“Kimler bu puly öz zähmeti bilen tapýar, kimler ene-atalaryndan alýar. Ýöne ynsan ömründe bir gezek gaýtalanýan günde şonça pul çykýar” diýip, ýaş ýigit aýdýar.
“Bir topar pul çykardyk, ýöne polisiýa gözegçiligi sebäpli, arkaýyn şatlanyp, bu möhüm sepgidi rahat ýagdaýda gutlap bilmedik” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.
Biraz öň uçurym ýaşlaryň ene-atalary Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde oturylyşyk bellenmeginden däl, ýaşlaryň bu oturylyşyklary gizlinlikde bellemäge mejbur edilmeklerinden özleriniň nägile bolýandyklaryny aýtdylar.
Bu aralykda, ýerli çeşmeler uçurym oturylyşyklarynyň fonunda Türkmenabatda gurply hojalyklaryň mekdeplerden uçurym bolýan çagalarynyň şäherde agşamara ulag dolandyryp, polisiýanyň eline düşen halatlarynyň bolandygyny aýdýarlar.
“Bu her ýylam şeýle bolýar. Soňky jaň güni Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň eli gelýär. Olar sürüjilik şahadatnamasy bolmadyk uçurym ýaşlary tutup, olaryň ene-atalaryndan ep-esli para alýarlar” diýip, içeri işler edaralaryndaky çeşme aýdýar.
Şäheriň diňe Demirýolçular etrapçasynyň özünde alty-ýedi sany uçurym ýigit sürüjilik şahadatnamasy bolmazdan ulag dolandyryp, polisiýa tarapyndan saklanypdyr.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça ýerli häkimiýetlerden resmi teswir alyp bilmeýär. Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri şeýle wakalar barada habar bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum