Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1-2-nji iýun aralygynda Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrar. Bu barada Mongoliýanyň mediasy habar berýär.
Habarda aýdylmagyna görä, sapar Mongoliýanyň prezidentiniň çakylygy esasynda amala aşyrylýar we bu Uhnaagiýn Hurelsuhyň 2024-nji ýylda Türkmenistana eden döwlet saparyna jogap hökmünde geçirilýär.
Berdimuhamedowyň bu saparynyň, iki ýurduň arasynda 1992-nji ýylyň 23-nji aprelinde diplomatiki gatnaşyklar ornaşdyraly bäri, Türkmenistanyň döwlet baştutany derejesinde amala aşyryljak ilkinji sapar boljakdygy bellenilýär.