Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Russiýanyň territoriýasyna giň gerimli dron hüjümini amala aşyrdy


Howa hüjümine garşy ulgamlaryň Russiýanyň 13 sebitinde işländigi bellenilýär.
Howa hüjümine garşy ulgamlaryň Russiýanyň 13 sebitinde işländigi bellenilýär.

Russiýanyň Goranmak ministrligi 28-nji maýa geçilýän gije Ukraina tarapyndan atylan 296 sany dronuň öňüni alandygyny habar berdi. Deslapky maglumatlara görä, bu tutuş uruş döwründäki iň giň gerimli howa hüjümleriniň biri bolup biler. Beýanatda howa hüjümine garşy ulgamlaryň ýurduň 13 sebitinde işländigi bellenilýär.

Hüjüme jemi näçe dronuň gatnaşandygy we olaryň näçesiniň öňüniň alynmandygy barada maglumat berilmeýär. Russiýanyň harby senagaty bilen baglanyşykly kärhanalaryň nyşana alnandygy mälim edilýär.

Moskwanyň eteklerinde bolan hüjüm netijesinde üç ýaşaýyş jaýyna zeper ýetendigi habar berildi. Wnukowo, Domodedowo, Žukowskiý we Şeremetýewo howa menzilleriniň işi wagtlaýynça togtadyldy.

Ukraina bu hüjüm bilen baglylykda resmi beýanat bermedi. Mundan öň, ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski özüniň gündelik agşamky ýüzlenmesinde Moskwanyň maý aýynda Ukraina garşy amala aşyran köpçülikleýin dron hüjümlerine gaýtawul berilmelidigini belläpdi.

Bu aralykda, öten agşamyň dowamynda Russiýa Ukraina garşy 88 dron bilen hüjüm etdi. Ukrainanyň Harby howa güýçleriniň maglumatyna görä, dronlaryň 71 sanysy ýa urlupdyr ýa-da öz-özünden synypdyr.

Dronlaryň sekiz nyşana baryp urandygy habar berilýär, emma jikme-jikler berilmeýär.

Mundan başga-da Russiýa Ukraina garşy bäş ballistiki we dolandyrylýan ganatly raketany atypdyr. Ukrain harbylarynyň beýanatynda bularyň ýetiren zyýany barada maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG