Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ owganlar üçin gorag durumyny soňlaýar, müňlerçe adam deportasiýa we ýanamalara sezewar bolýar


 Kabulda mätäç maşgalalara paýlanylanda azyk önümlerini almak üçin nobata duran oglan
Kabulda mätäç maşgalalara paýlanylanda azyk önümlerini almak üçin nobata duran oglan

Birleşen Ştatlar owganlar üçin wagtlaýyn gorag statusyny (TPS) bes etjekdigini mälim etdi, bu göçüm müňlerçe adamyň "Talyban" gözegçiligindäki Owganystana deportasiýa edilmek howpuny döreder.

Içerki howpsuzlyk departamenti, DHS 12-nji maýda Owganystan üçin TPS-iň möhletiniň 14-nji iýulda gutarjakdygyny mälim etdi. Bu karar häzir şu maksatnama esasynda Birleşen Ştatlarda kanuny ýagdaýda ýaşaýan we işleýän 9-12 müň aralygyndaky owganystanla täsir eder.

Hukuk toparlary we owgan bosgunlary bu karary ýazgardylar hem-de onuň adamlaryň janlaryny howp astyna salýandygyny we Owganystandaky reallyklary gözden salýandygyny duýdurdylar.

ABŞ-dan gözlenen howpsuzlyk

Içerki howpsuzlyk departamenti öz beýanatynda TPS-iň ýatyrylmagynyň Owganystandaky ýagdaýlaryň "düýpli gowulaşandygy" we indi TPS üçin edilýän kanuny talaplara laýyk gelmeýändigi barada berlen syna esaslanýandygyny aýtdy.

Şeýle-de, beýanatda içerki howpsuzlyk sekretary Kristi Noemiň owgan raýatlarynyň ABŞ-da wagtlaýyn bolmagyna rugsat bermegiň "Birleşen Ştatlaryň milli bähbidine ters gelýär” diýen netijä gelendigi aýdylýar.

Içerki howpsuzlyk departamenti, milli howpsuzlyk we galplyk aladalaryna salgylanmak bilen, TPS-den peýdalanýan adamlaryň käbiriniň jemgyýetçilik howpsuzlygyna we milli howpsuzlyga salýan howplary sebäpli derňelýändigini hem öňe sürdi.

Emma TPS hukuklarynyň çäginde ABŞ-da ýaşaýan owganlar Owganystana gaýdyp gelseler, özleriniň howply ýagdaýa düşjekdiklerini aýdýarlar.

"Ol ýerdäki howpsuzlyk ýagdaýynyň degişlilikde gowulaşandygy dogry, ýöne entek köp problema bar" diýip, adynyň efirde aýdylmazlygyny soran owgan raýaty Azadi radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

"Häzirki wagtda öňki hökümet esgerleri tussag edilýär, ýitirim bolýar we hatda öldürilýär" diýip, dört adamdan ybarat maşgalasy bilen Tehasda ýaşaýan owgan erkegi aýtdy.

Kabuldan ewakuasiýa edilen maşgalalar 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Waşington şäherine gelýär.
Kabuldan ewakuasiýa edilen maşgalalar 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Waşington şäherine gelýär.

Dört ýyl ozal ABŞ-a göçüp gelen başga bir owgan raýaty hem edil şonuň ýaly pikiri öňe sürdi.

"Eger-de biz yzymyza iberilsek, biziň janymyz töwekgellik astynda bolar. Sebäbi biz öňki hökümetde işledik we häzirki hökümet şindi hem ar almak isleýär" diýip, ol Azadi radiosyna aýtdy. “Biz Birleşen Ştatlara öz howpsuzlygymyz üçin geldik, indi bu maksatnamanyň möhletiniň gutarmagy köp problema döreder."

Bu gorkular Owganystanda 2021-nji ýylda, “Talyban” häkimiýet başyna geleli bäri bolup geçen düýpli özgerişliklerden gözbaş alýar. Şonda, ABŞ we NATO goşunlary yza çekileninden soň, Günbatar tarapyndan goldanylýan owgan hökümetini agdarmak üçin, Talyban gozgalaňçylary Kabuly basyp alypdy.

Şondan bäri "Talyban" yslam kanunlarynyň berk düşündirilen düzgünlerini girizdi we hususan-da hukuklary we azatlyklary, aýratyn-da aýal-gyzlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny yzyna aldy, olar indi orta bilim almak, köp işlerde işlemek hukuklaryndan hem mahrum boldy.

BMG-niň we adam hukuklary guramalarynyň taýýarlaýan hasabatlarynda adam hukuklarynyň bozulmagynyň, şol sanda adamlaryň bikanun jezalandyrylyp öldürilmeginiň, zorlukly ýitirim edilmeginiň, gynalmagynyň we köpçülige çykaryp ýenjilmeginiň, hususan-da öňki hökümet işgärleriniň, howpsuzlyk işgärleriniň we başgaça pikir edýänleriň nyşana alynmagynyň giň ýaýrandygy resmileşdirildi.

Owganlary deportasiýa etmek 'bihaýalyk' bolar

Adam hukuklary guramasy, Halkara halas ediş komiteti (IRC), Bütindünýä kömek guramasy we beýleki adam hukuklary guramalary bu göçümi ýazgardy we onuň müňlerçe owganlyny töwekgellik astynda goýýandygyny, olara “Talyban” hökümdarlygy astynda yzarlanmalara, gynamalara ýa-da jezalandyrylyp öldürilmäge sezewar bolup biljek ýerlerine deportasiýa edilmek howpuny salýandygyny duýdurdy.

“Tramp adminstariýasynyň adamlary yzyna dolamagy esaslandyrmak üçin Owganystandaky şertleriň gowulaşandygy barada aýdýanlary görnetin bihaýalyk we hakykata gabat gelmeýär” diýip, “Human Rights First” guramasynyň global ynsanperwer goragynyň baş müdiri Eleanor Acer aýtdy.

Eger-de kazyýet ara goşulmasa, owganlar üçin TPS-iň ýatyrylmagy iýul aýynda meýilleşdirilişi ýaly dowam eder we müňlerçe adam “Talybanyň” dolandyryşy astynda näbelli we howply geljek bilen ýüzbe-ýüz bolar.

"TPS-i bolan adamlar Amerikan jemgyýetleriniň, mekdepleriň we iş ýerleriniň gymmatly agzalarydyr" diýip, IRC-niň çap eden beýanatynda aýdylýar. "Biz ABŞ hökümetini bu zyýanly syýasat üýtgeşmesine täzeden garamaga we Owganystandan gelenler üçin adam ömrüni halas ediji gumanitar goragy goramaga çagyrýarys" IRC ýazdy.

Forum

XS
SM
MD
LG