Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dowamly parahatçylyk diňe Putin gidensoň mümkin bolar diýip, Zelenski Russiýa basyşy artdyrmaga çagyrdy


28-nji maýda Germaniýanyň kansleri Fridrih Mers (sagda) Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskini Berlinde garşylaýar.
28-nji maýda Germaniýanyň kansleri Fridrih Mers (sagda) Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskini Berlinde garşylaýar.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Berlinde Germaniýanyň kansleri Fridrih Mers bilen duşuşandan soň, Russiýa edilýän halkara basyşy güýçlendirmäge çagyryş etdi. Iki ýurduň liderleri duşuşykda Ukraina bilen Germaniýanyň uzak aralyga niýetlenen ýaraglary bilelikde öndürmek baradaky meýillerini mälim etdiler.

“Häzirki edilýän basyşlar ýeterlik däl” diýip, Zelenski 28-nji maýda nemes RTL teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy, we global güýçleriň ygrarlylygynyň ýetmezçilik edýändigini belledi.

“Birleşen Ştatlar gatnaşýar, ýöne 100% däl. Beýleki ýurtlar, Hytaý we Global Günorta ýurtlary bolsa çekinjeňlik görkezýärler” diýip, ol aýtdy.

Zelenski şeýle-de, dowamly parahatçylygyň diňe rus prezidenti Wladimir Putin häkimiýetden gidensoň mümkin boljakdygyny belledi.

“Biz adalatly parahatçylygy gazanarys, ýöne belki-de diňe Putinden soň” diýip, Zelenski aýtdy.

Ol 28-nji maýda irden Russiýany ýaraşyk gepleşiklerini bilkastlaýyndan yza çekýändigi üçin tankyt etdi.

“Russiýa urşy tamamlamazlyk üçin hemişe bahanalar gözlär” diýip, Zelenski aýtdy. Ol şeýle hem Putiniň “her gije köpçülikleýin dron hüjümlerini amala aşyrýandygyna” ünsi çekdi.

Soňky günlerde Kiýewe we beýleki şäherlere hem-de sebitlere edilen howa zarbalary “parahatçylygyň dili däl” diýip, Mers aýtdy.

“Bu zarbalar Ukrainada, Ýewropada we ABŞ-da parahatçylygy gazanmak üçin tagalla edýänleriň ýüzüne çalnan şarpykdan başga zat däl” diýip, ol nygtady.

Mers Germaniýanyň Ukraina bilen bilelikde Kiýewiň özüniň uzak aralyga niýetlenen raketa ulgamlarynyň önümçiligini özleşdirmäge kömek etjekdigini, we olaryň Günbatar ýurtlary tarapyndan girizilen çäklendirmelerden azat boljakdygyny mälim etdi.

Güýçlendirilýän hyzmatdaşlyk şertnamasynyň esasynda Germaniýa “Ukrainanyň goşunyny ýurduň goranyşyny üstünlikli amala aşyrmak üçin gerek bolan ähli mümkinçilikler bilen üpjün etmäge çalyşar” diýip, ol aýtdy.

“Ukraina öz raketalary bilen özüni, şol sanda öz territoriýasynyň daşyndaky harby nyşanalardan hem doly gorap biler” diýip, Mers metbugat ýygnagynda aýtdy.

Germaniýa ABŞ-dan soň Ukrainanyň iň iri harby hemaýatçysy bolup durýar. Ýöne Kremliň jogap gaýtaryp, NATO-nyň hem çaknyşyga çekilmeginiň öňüni almak üçin, käbir kämil ýarag ulgamlaryna çäklendirmeler girizilipdi.

28-nji maýda giçlik Mers nemes ZDF teleýaýlymyna beren interwýusynda, Zelenskiniň soraýan, Germaniýada öndürilýän uzak aralyga niýetlenen Taurus kysymly ganatly raketalary ibermek mümkinçiligini aradan aýyrmady, ýöne bu ulgamy ulanmagy öwrenmek üçin Ukrainanyň esgerlerine birnäçe aý gerek boljakdygyny aýtdy.

Şu sebäpli, Germaniýa häzir Ukraina bilen harby hyzmatdaşlygyny we berýän hemaýatyny güýçlendirýär diýip, ol aýtdy.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Germaniýa bilen Ukrainanyň ýarag öndürmek baradaky hyzmatdaşlyk meýillerini tankyt etdi.

Lawrow Germaniýanyň “geçen asyrda birnäçe gezek synmagyna sebäp bolan ýolundan ýene bir gezek barýandygyny” Telegramdaky sahypasynda ýazdy.

Germaniýanyň daşary işler ministri Ýohann Wadeful muňa jogap edip, Russiýanyň Ukrainanyň ýaranlarynyň uzak aralyga niýetlenen ýaraglary öndürmegi bilen baglylykdaky kararlaryna täsir etmek hukugynyň ýokdugyny belledi.

Forum

XS
SM
MD
LG