German kansleri Fridrih Merziň Ukrainanyň Günbatar tarapyndan berilýän raketalary Russiýanyň has töründäki harby nyşanalara zarba urmakda ulanmagyna rugsat berilýändigi barada aýdan sözleri, ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň 28-nji maýdaky Berlin sapary wagtynda, Kiýewiň Toros (Taurus) ganatly raketalary bilen üpjün edilmegi baradaky çekişmeleriň täzeden möwjemegine getirdi.
Ukraina takmynan 500 kilometr uzaklykdaky nyşanalara ýokary takyklyk bilen, agyr ýük göterijilik ukyby bolan nemes-şwed ýarag ulgamy bilen üpjün edilmegini köp wagt bäri sorap gelýär.
Germaniýa Ukrainany harby kömek bilen üpjün etmekde ABŞ-dan soň ikinji ýerde durýar. Emma Merzden öňki kansler Olaf Şolz, Kremliň Berlini uruşýan tarap hasaplajakdygy baradaky haýbatlary sebäpli, Kiýewi Toros raketalary bilen üpjün etmekden ýüz öwürdi.
"Şolzyň ýolbaşçylygyndaky nemes ýaýdanjaňlygy Russiýa operatiw artykmaçlyk berdi we olaryň goranyşlaryny we taktikalaryny uýgunlaşdyrmak mümkinçiligini döretdi" diýip, Moskwada we Kiýewde Angliýanyň harby attaşesi bolup işlän Jon Foreman Azatlyk Radiosyna aýtdy.
“Gijigip hem bolsa, Ukrainanyň ýaýyna bir ok goşmak gowy bolardy. Ýöne men onuň urşuň ugruny üýtgetjekdigine ynanmaýaryn” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Ukrainanyň nähili uzak aralyk raketalary bar?
Günbatar ýurtlary, Russiýa 2022-nji ýylda Ukraina garşy giň gerimli urşa başlaly bäri, Kiýewi dürli ýaraglar, şol sanda rus liniýalarynyň has aňyrsyndaky nyşanalary urup bilýän raketalar bilen üpjün etdi.
Angliýa we Fransiýa Kiýewi takmynan 250 kilometre ýetýän “Storm Shadow/Scalp” ganatly raketalary bilen üpjün etdi, Waşington bolsa Ukraina 300 kilometr aralyga ýetýän ATACMS ýaraglaryny, goşun taktiki raketa ulgamyny iberdi.
Bu ýaraglar ilkibaşda olaryň diňe Russiýa tarapyndan basylyp alnan ukrain topraklarynyň çägindäki nyşanalara zarba urmakda ulanylmagy baradaky şert bilen üpjün edilipdi.
Emma geçen ýylyň noýabr aýynda, şol wagtky prezident Jo Baýdeniň administrasiýasy Ukrainanyň Russiýanyň Kursk sebitinde, öz güýçleriniň rus topraklarynyň bir bölegini elde saklamak üçin söweşýän ýerinde ATACMS ýaraglaryny ulanyp biljekdigini aýtdy.
Şondan kän wagt geçmänkä “Storm Shadow/Scalp” ýaraglarynyň Russiýanyň içinde ulanylýandygy habar berildi. Merz bu ýagdaýlar indiden soň düşündiriş beren ýaly bolup göründi.
"Aralyk çäklendirmelerini girizen ýurtlar indi köp wagt bäri bu şertlerden ýüz öwürýär" diýip, ol 27-nji maýda aýtdy.
"Ukrainanyň özüne berlen ýaraglary ulanmaga, şol sanda öz çäklerinden daşarda, Russiýanyň çägindäki harby nyşanalara garşy hem ulanmaga hukugy bar."
Bu sözler bir gün öň telewideniýede berlen söhbetdeşlikde munuň täze syýasatdygy barada aýdylan sözleri aýdyňlaşdyrdy. Bu interwýu Germaniýanyň Ukrainany Toros raketalary bilen ýene, gaýtadan üpjün edýändigi baradaky çaklamalaryň döremegine sebäp boldy.
"Bu ýerdäki esasy mesele hyzmatdaşlarymyzyň bizi Skalps we German Torosyny ulanmak üçin gerek bolan serişdeler bilen üpjün etmegidir. Eger olar muny etseler, bu bize gowy kömek bolar” diýip, ukrain kanun çykaryjysy Roman Kostenko Azatlyk Radiosynyň Ukraina gullugyna beren interwýusynda aýtdy.
Ukrain harby analitigi Roman Switan hem Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna beren interwýusynda şuňa meňzeş pikirleri öňe sürdi.
"Ozaly, olar şol raketalar bilen üpjün etmeli, soň bolsa olaryň gerek bolan ýerde ulanylmagyna rugsat bermeli. Ukrainada häzir bu hili günbatar raketalary galmady. Bizde ot açara zat ýok" diýip, Switan aýtdy.
Ýagdaýy üýtgediji däl
Britan harby attaşesi Foreman Toros ulgamynyň uruşdaky ýagdaýlary kän üýtgedip bilmejekdigini duýdurdy.
"Russiýa soňky üç ýylda ep-esli derejede uýgunlaşdy, hususan-da güýçlerini ýaýrbaňlandyrdy, taktikasyny üýtgetdi, kinetiki we kinetiki däl goranyşyny gowulandyrdy" diýip, ol aýtdy.
"Bu görlen çäreler Russiýanyň yzky sebitlerinde ukrain raketa zarbalarynyň öňündäki gowuşgynsyzlygy peseltdi (ýöne aýyrmady). Toros arkaly urlan birnäçe raketa zarbasy bu ýagdaýa düýpli täsir etmez."
Emma muňa garamazdan, edilen bildiriş ukrain güýçleriniň ruhuny ýokarlandyryp biler we Zelenskä syýasy ýeňiş getirer. Merziň aýdan sözleri Moskwada negatiw seslenme döretdi.
"Bu potensial kararlar, eger-de kabul edilen bolsa, biziň syýasy çözgüt isleglerimize düýbünden ters gelýär" diýip, Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow aýtdy.
Bular "örän howply kararlar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Bu ýagdaýlar bilen baglylykda Londondan, Parižden ýa-da Waşingtondan edilen resmi beýanat bolmady.
Forum