ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Russiýanyň lideri Wladimir Putini ýene-de berk tankyt etdi. Bu Russiýanyň Ukraina garşy yzly-yzyna üç gün amala aşyran adam pidaly zarbalarynyň we üç ýyldan gowrak wagt dowam edýän urşuň dowamyndaky iň iri howa hüjüminiň yz ýany bolup geçdi.
Tramp şu wagta çenli Russiýany köpçülige mälim edilmedik agyr çärelerden “gorap gelendigini”, ýöne onuň ýaraşyk teklibini yzygiderli äsgermezçilik edýän Putin bilen baglylykda, sabrynyň tükenip barýandygyny ýaňzytdy.
“Wladimir Putiniň düşünmeýän zady şu: eger men bolmadyk bolsam, Russiýanyň başyna eýýäm örän aýylganç zatlar gelip bilerdi. Meniň göz öňünde tutýanym - ÖRÄN AÝYLGANÇ zatlar. Ol ot bilen oýnaýar!" diýip, Tramp 27-nji maýda Truth Social sosial ulgamynda ýazdy.
Russiýanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli resmisi, öňki prezident we premýer-ministr Dmitriý Medwedýew Trampyň tankydyna jogap edip, Üçünji Jahan urşuna yşarat ediji äheňde çykyş etdi.
“Trampyň Putiniň ‘ot bilen oýnaýandygy’ we Russiýa bilen bagly ‘örän aýylganç zatlaryň’ bolup biljekdigi baradaky sözleri barada aýtsak, men diňe örän erbet bir zady bilýärin – Üçünji Jahan urşy. Men Trampyň muňa düşünýändigine umyt edýärin!” diýip, Medwedýew sosial ulgamda iňlis dilinde ýazdy.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Russiýanyň 26-njy maýa çenli dowam eden üç günlük zarbalarynyň netijesinde Ukrainadaky nyşanalara 900-den gowrak hüjümiň edilendigini aýtdy. 25-nji maýda amala aşyrylan hüjümlerde 13 parahat ýaşaýjy wepat boldy. Moskwa diňe harby nyşanalary urandygyny öňe sürdi.
26-njy maýdaky zarbalar Russiýanyň üç ýyldan gowrak öň Ukraina garşy giň gerimli çozuşa başlany bäri amala aşyran iň iri hüjümi boldy. Mundan bir gün öň, Tramp sosial ulgamda Putiniň “aklyndan doly azaşandygyny” ýazypdy.
Rus häkimiýetleri 27-nji maý gijesi Ukrainanyň Russiýa garşy giň gerimli dron hüjümini amala aşyrandygyny mälim etdi. Russiýanyň howa hüjümine garşy ulgamlary 112 ukrain dronuny ýok etdi ýa-da öňüni aldy diýip, resmi maglumatda bellenildi.
Russiýanyň Goranmak ministrliginiň beýanatyna görä, dronlaryň 59-sy Russiýanyň günorta-günbataryndaky Brýansk sebitini nyşana alypdyr. Galan dronlar Kursk, Belgorod, Tula, Orýol we Kaluga sebitlerine atylypdyr.
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin Russiýanyň paýtagtyna tarap atylan 12 dronuň urlup ýykylandygyny aýtdy.
Russiýanyň üç günlük hüjüminden öň, G7 topary we ABŞ-nyň Kongresi Trampyň bada-bat 30 günlük ýaraşyk çagyryşyny ret edenligi üçin, Russiýa garşy täze sanksiýalaryň girizilmegine çagyryş etdiler.
Trampyň Respublikançylar partiýasy tarapyndan kontrollyk edilýän Kongres, Russiýa garşy täze sanksiýalar baradaky kanuny indi sese goýmaly.
Geçen hepde Putin ýaraşyk teklibini ýene-de ret edeninden soň, Trampyň näme sebäpden Russiýa garşy sanksiýalary girizmeýändigini soralanda, ol beýle hereketiň Putini gepleşiklerden has-da daşlaşdyryp biljekdigini, sebäbi rus lideriniň özüniň uruşda ilerleýändigine ynanýandygyny belläpdi.
Dört aýdan gowrak öň prezidentlik wezipesine girişeli bäri, Tramp Ukrainadaky urşyň soňlanmagyny daşary syýasatyndaky esasy maksatlaryň biri hökmünde kesgitledi. Mart aýynda ol taraplara 30 günlük ýaraşyk boýunça bada-bat ylalaşmak barada çagyryş etdi.
Zelenski Trampyň teklibini goldady, ýöne Putin Ukrainanyň ilki belli bir şertlere, şol sanda öz goşunlaryny öz territoriýasyndan yza çekmek ýaly talaplara boýun bolmalydygyny aýdyp, bu teklibi ret etdi.
Bilermenleriň aýtmagyna görä, Putin häzirki wagtda urşy bes etmek bilen gyzyklanmaýar, sebäbi ol ýeňiş gazanýandygyna we esasy maksatlaryna heniz ýetmändigine ynanýar.
Forum